Türkmenistan bilen Owganystan Turgundy şäherinde Bilelikdäki logistika merkezini döretmegi meýilleşdirýär

01.05.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň we Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky türkmen-owgan gepleşikleri şu ýylyň 26-njy aprelinde Kabulda geçirildi. 

“Türkmendemirýollary” agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň strategik ýerleşişine laýyklykda, üstaşyr ugradylýan owgan eksport harytlaryna ýeňillikli nyrhlary ulanmak, mermer, hek daşy, sement we beýleki mineral serişdeleriň Owganystandan eksportyny artdyrmak, iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak, Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda üçtaraplaýyn üstaşyr-ulag şertnamalaryny baglaşmak, Turgundy şäherinde Bilelikdäki logistika merkezini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şeýle hem taraplar Owganystanda demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek, Türkmenistandan Owganystana nebit we gaz iberilmegine ýardam bermek, Owganystanyň eksport we üstaşyr harytlarynyň karantin meselesini döwrebaplaşdyrmak, ulag we tranzit çykdajylaryny azaltmak, ýurtlaryň arasynda bankara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. 

Kabulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangariniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:57 am, Sep 20, 2024
temperature icon 19°C
небольшой дождь
Humidity 48 %
Pressure 1017 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Synag taslamasy 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda başlanar we bir ýyllap dowam eder

Next Story

Turkish Airlines» 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi

Soňkylar Habar

GitTop