THE ASHGABAT TIMES

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝÖRELGELERI

10.01.2024

Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»
Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»
«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,
Çyn şägirt ondanam gyt zat!» diýdiler.

Kerim Gurbannepesow

Ussat — agaç, şägirt — kölegesi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluna giň mümkinçilikler döredip berdi.

Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu babatda pederlerimiziň ýörelge mekdebiniň röwşen ertirleriň ösüş menzillerini nazarlaýandygy şübhesizdir.

Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili — halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr. Türkmençilikde biriniň başarnygy, il içindäki hormat-sylagy hakynda gürrüň edilende, gep onuň asylly gelip çykyşyna syrykdyrylyp: «OI mekdep gören-dä», «Halypa gören-dä» diýilýär.

Täze taryhy döwrümizde şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açyldy. Halypanyň elinde tälim alan şägirt, ol eýýäm kämillige gol beren ynsandyr. Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluny kämilleşdirmekde we ony durmuşa ornaşdyrmakda maslahatlar, duşuşyklar hem-de dabaraly çäreler yzygiderli geçirilip durulýar.

Şeýle hem bize halypa-şägirtlik ýörelgerini ýöretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maksat HAÝYDOW
Türkmen Oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

GÜL NAGYŞLAR GYZ-GELNE ÝARAŞYK

wEqAb97Oss THE ASHGABAT TIMES
Next Story

PÄHIM-PAÝHAS OÝNY

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop