Türkmen-eýran söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilik bar

01.05.2024

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň başlygy Samad Hassanzadeniň arasynda Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak barada pikir alşyldy. Duşuşykda türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň häzirki wagtda ýyllyk 450 million amerikan dollara deňdigi, emma muňa garamazdan, bu mukdary has artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Hasanzadeniň bellemegine görä, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdany giňeltmek iki ýurduň arasynda goşmaça söwda ulgamynyň döredilmegine baglydyr.Türkmen tarapy hem öz gezeginde Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdany ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ikitaraplaýyn söwdany has-da giňeltmek üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň başlygy syýahatçylyk pudagynda, hususan-da, saglyk syýahatçylygynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Şeýle-de Eýran ýokary tehnologiýa, senagat, magdançylyk we oba hojalygy pudagynda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip biler.

Gurdow häzirki wagtda Tähranda bolup geçýän «Iran Expo 2024» sergisiniň ýokary derejesini belläp, her ýyl şeýle serginiň Türkmenistanda hem geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatdaky şol sergä eýranly işewürleriň hem gatnaşmaklarynyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat etjekdigi nygtaldy.
Çeşme: auh.com.tm

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:21 am, Sep 20, 2024
temperature icon 22°C
облачно с прояснениями
Humidity 29 %
Pressure 1018 mb
Wind 4 mph
Wind Gust Wind Gust: 5 mph
Clouds Clouds: 64%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

“Iň soňky Karawajo”

Next Story

Uçýan gämi we Bermenski sazandalar

Soňkylar Habar

GitTop