AK  ALTYNA  DEŇELÝÄN  AK  PAGTA

27.02.2024

Taryhy maglumatlara görä, mundan 30 müň ýyl ozal adam ýabany ösýän gowaçadan pagta süýümini soguryp alyp, ony egirip, ondan hem mata dokamagy bilipdir. Hindistan pagtanyň watany hasaplanýar. Sebäbi arheologlar gadymy  Mahenjo Daro şäheriniň harabaçylyklarynda gazuw agtaryş işlerini geçirenlerinde pagta süýmünden dokalan mata bölejigini  tapýarlar.  Alymlaryň çaklamagyna görä, şol mata bölejigi, biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl ozal dokalan hasaplanylýar. Pagtaçylygyň geçmişi hem-de Hindistanda pagta süýüminiň ulanylyşy hakynda, gadymy grek taryhçylary Gerodotyň we Teofrastyň (biziň eýýamymyzdan ozalky  IV-V asyrlar) ýazgylarynda hem bar.

 Gadymy siwilizasiýanyň merkezleriniň biri hasaplanýan Türkmenistan ýurdumyzda hem, pagta iň gadymy  medeni ekin bolupdyr. Bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkymyzyň geçmişini, gelejegini pagtasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Biziň ata-babalarymyz geçmişde gowaçadan bol  pagta hasylyny almak bilen  çäklenmän, eýsem ony  gaýtadan  işlemegi hem  ussatlarça  başarypdyrlar.

Türkmenler asyrlaryň  dowamynda  tara, jin  çarh hemde  beýleki  ýönekeýden sada dokma  enjamlaryny  ulanypdyrlar. Şol enjamlar bilen  gaýtalanmajak, dünýä  gymmatlyklaryna  goşulan  matalary  dokamagy  başarypdyrlar. Pagta  süýümini egrip, ondan  dokalan  ajaýyp  matalary,  başga  halkynka  meňzemeýän  milliligi  hemde  nepisligi  bilen  tapawutlanypdyr.

Pagta  bolamasa  gündelik  durmuşy  göz  öňüne  getirmek  asla  mümkin  däldir. Ak  altyna  deňelýän  ak pagta “ ýalaňaça  don  bolsa,  zähmetkeşe şan” bolýar. Ýagny,  ýetişdirýän  pagtamyz  özümiz  üçin  egin – eşik, ony  ýetişdirmek  üçin  zähmet  çeken  adama  şan – şöhrat, at – abraý  getirýär.

Häzirki  wagtda ýaşaýyş  hem-de  durmuş  şertleriniň  gowulanmagy  bilen adamlaryň  tebigy  süýümden  dokalan  matalardan  dikilen  eşiklere  islegi  artýar.  Sebäbi  pagta  süýüminden  dokalyp,  şol  matadan  dikilen  egin-eşikler adam  tenine  ýakymly –  gyşyna  ýyly, tomsuna  sergin   bolýar. Diýmek, ýyllar geçdigiçe her  adama harçlanýan  süýümiň  mukdary  ýokarlanmaly  bolýar. Alymlaryň  hasaplamalyryna  görä,  2050-nji  ýyllarda  her  bir  adama  harçlanýan  pagta  süýüminiň  mukdary   17  kg  ýeter  diýip  çaklanýar.

Garaşsyz hem  baky  Bitarap  Türkmenistanda  her  ýylda  1 mln 200 tonna golaý ak  altyn  öndürilýär. Şol  pagtadan  alynýan  süýmüň  aglaba  bölegi  öz  ýurdumyzdaky  dokma  toplumlarynda gaýtadan işlenip,  mata we trikotaž önümlerinden dünýä  ülňülerine  gabat  gelýän  egin – eşikleri tikilýär. Dünýäde  biziň  dokma  önümlerimize  hyrydaryň  juda  köpdügini  biziň  hemmämiz  bilýäris.

S.A.Nyýazow  adyndaky  Türkmen oba  hojalyk  uniwersitetiniň Dokma önümçiligi  kafedrasynyň mugallymlary bolup, beýleki  pagtaçylar ýaly ak pagtany “ak  bagtymyz “  hasap  edýäris we Tebigy  süýümleri  egirmek  we  Mata  önümçiligi  hünärleriniň  talyplaryna pagta, ýüň, ýüpek süýümlerinden dürli belgili, görnüşli nah ýüplüklerini öndürmekde, olardan nah hem-de garyşyk matalary dokamakda ulanylýan tehnologiýalaryň we tehnikalaryň nazary esaslaryny öwredýäris.

Şu günler biziň  uniwersitetimiziň talyplary hormatly Prezidentimiziň gurup  beren  ajaýyp egirme-dokma kärhanalarynda  häzirki  zamanyň  kämil, ösen, kompýuter  arkaly  dolandyrylýan  enjamlarynda önümçilik  tejribelerini  geçýärler we   öwrenen nazary  bilimlerini  iş  ýüzünde – önümçilikde  amal  edýärler.  

Hormatly Prezidentimiziň bu aladalary  talyplarymyzda diňe gelejege uly umyt döretmän, eýsem, mähriban Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar we oňa bolan buýsanjyny, guwanjyny has-da ýokary göterýär.

Biziň  öz kärimize  kämilleşmegimize şeýle gowy mümkinçilikleri  döredeni üçin hormatly Prezidentimize tüýs  ýüregimizden  taňyryýalkasyn  aýdýarys!

Adamzat döräli bäri pagta ýaşaýşyň aýrylmaz bölegine öwrülip gelýär. “Ak altyna”, “ak bagta” deňelip, onuň mertebesi ýokary hasaplanýar.

Aýjan ATAÝEWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:42 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Magtymguly Pyragy

Next Story

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI – MILLI TERBIÝÄNIŇ ENSIKLOPEDIÝASY

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop