ms access THE ASHGABAT TIMES

MS Access – maglumatlar bazasy

01.05.2024

Köplenç örän köp maglumatlary ýatda saklap, gerek wagty olaryň içinden özüňe gerek maglumaty çalt saýlap, tapyp almaly bolýar. Bu işi kompýuterde ýe­rine ýetirmek üçin ýörite niýetlenen programmalara maglumatlar bazasyny do-landyrýan sistemalar diýilýär.

Maglumatlar bazasy özünde tablisalary, formalary, talaplary we hasabatlary saklap biler. Olaryň iň esasysy tablisalardyr. Sebäbi beýlekileri – formalar, talap-lar we hasabatlar tablisalaryň esasynda düzülýär. Tablisanyň her setiri bir ýaz­
108gyny emele getirýär. Ýazgylaryň sütünlerinde käbir obýekt barada maglumatlar ýerleşýär. Olar dürli tiplere degişli bolup bilerler. Meselem, söz, san, surat we ş.m. Sütünlere meýdanlar diýilýär. Her bir meýdan üçin onuň adyny we oňa ýazyljak maglumatyň tipini görkezmek hökmandyr. Meýdanlaryň atlary, adatça, oňa ýazyl-jak maglumatlaryň aňladýan manysyna-mazmunyna laýyk dakylýar. Meselem, «Ady», «Familiýasy», «Doglan senesi» we ş.m. Meýdanlaryň ählisi bilelikde şol ýazgyda gürrüňi edilýän obýekt barada bir bitewi, doly – gutarnykly maglumaty emele getirýär. Şoňa görä-de, her bir ýazgy – bu käbir obýektiň informasion modelidir.

Formalar ýazgylary amatly usulda kompýutere girizmek üçin döredilýär. Ta-laplar tablisadaky köpsanly ýazgylardan we olardaky köp dürli meýdanlardan ge­rek maglumatyňy saýlap-süzüp almak üçin düzülýär. Hasabatlar birnäçe tablisa­daky maglumatlary gaýtadan işläp, özleşdirip, olaryň esasynda jemleýji tablisany düzmek we çapa taýýarlamak üçin döredilýär.

Tablisadaky maglumatlar könelişmez ýaly, olary wagtly-wagtynda gözden ge­çirip, gerek bolsa täzeläp-çalşyp, redaktirläp durmaly.

Maglumatlar bazasy (MB) bilen işlände her bir ulanyjy aşakdakylary ýerine ýetirip bilmelidir:

  • MB-ni açmak we ýapmak;
  • MB-niň içindäki islendik tablisany açmak we ýapmak;
  • görkezilen meýdan boýunça maglumatlary tertipleşdirmek; tablisa ýazgylary goşmak;
  • tablisadan ýazgylary aýyrmak;
  • MB-niň düzümini üýtgetmek;
  • berlen şertlerde talap döretmek;
  • forma döretmek we onuň kömegi bilen ýazgylary girizmek;
  • hasabatlary döretmek;
  • MB-den maglumatlary gözlemek.Maglumatlar bazasynyň hemmesi üçin birmeňzeş birnäçe düzgünler bardyr:
  • maglumatlary ýygnamak – toplamak – kompýutere girizmek;
  • ýatda saklamak; redaktirlemek;
  • gözläp tapmak, başgasy bilen çalyşmak;
  • tertiplemek;
  • gözden geçirmek, çapa taýýarlamak, çap etmek.

Oguzhan Merdanow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
rw1b6eq THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

MS Word tekst redaktory bilen tanyşlyk

img0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Rastr we wektor grafikalar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop