Dark
Light
24.01.2026
img0 THE ASHGABAT TIMES

Rastr we wektor grafikalar

01.05.2024

Kompýuterdäki ähli şekillendirmeler rastor we wektor görnüşlere bölünýärler. Rastr grafikasynda şekiller analog görnüsden sifr görnüşüne öwürmek arkaly döredilýär. Mysal üçin, kagyzdaky maglumatlary ýa-da fotoplýonkadaky suratlary we fotografiýalary skanirlemekde hem-de sanly foto-we wideokameralar peýdalanylanda hat-da týunerleri peýdalanyp teleýaýlymlaryň gepleşikleri kompýuterde görülende rastr grafikasy ulanylýar.

Rastr grafik şekilleri gönüden-göni kompýuterde grafiki redaktorlaryň programmasy bilen hem döredip bolar. Rastr şekiller her hili reňkleriň (pikselleriň) kömegi bilen ýatda saklanýar. Ol nokatlar setirleri we sütünleri emele getirýärler.

Piksel–şekillendirmede iň kiçi ýer bolup, onuň reňki özbaşdak berilmeli.

Her bir pikseli ýatda saklamak üçin kesgitli mukdardaky bit informasiýalary talap edilýär. Olinformasiýalarşekildäkireňkleriň mukdarynabaglydyr.

Rastr şekiller uly möçberli informasiýa mukdarynda ýatda saklanýar, her bir pikseliň reňki üçin informasiýany ýatda saklamaly.Rastr şekillerde ýokary takyklykda reňkler berilýär. Kompýuterlerde ulanylýan rastr grafik redaktorlary şekilleriň her hili grafik formatlaryny goldaýar.Kompýuterlerde ulanylýan rastr grafik redaktorlaryňiçinde has ýönekeýi Windows operasion sistemanyň standart goşundysy hökmünde bolan Paint redatorydyr. Rastr grafikanyň redaktorynyň has kuwwatlysyAdobe Photoshophasaplanylýar.

Wektor grafikasynda şekiller nokat, çyzyk, göniburçluk ş.m. obýektlerden emele getirilýar, olar kompýuteriň ýadynda matematiki formulalar bilen beýan edilýär. Mysalüçin, nokatöz koordinatalary (X,Y) bilen berilýär, çyzykbaşdaky (X1, Y2), oňundaky (X2, Y2) koordinatalar bilen berilýär, töwerekmerkeziniň (X,Y) koordinatalaryhem-de radiusy (R) bilen berilýär, gönüburçlukýokarky çep burçunyň (X1,Y1) hem-de sagdaky aşaky burçunyň (X2,Y2)koordinatalary bilen berilýär. Olara daýanç nokatlarynyň koordinatalary diýilýär.

Ogulnyýaz BAGŞYÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ms access THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

MS Access – maglumatlar bazasy

2021 05 14 609e4c3236801004480407 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýer desgalarynyň görnüşleri we niýetlenşi, olara edilýän talaplar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop