Dark
Light
24.01.2026
2021 05 14 609e4c3236801004480407 THE ASHGABAT TIMES

Ýer desgalarynyň görnüşleri we niýetlenşi, olara edilýän talaplar

01.05.2024

Gurluşyk işleri başlananda elmydama ýer işlerinden başlanýar. Jaýlar gurulanda, binalar, desgalar salynanda, inženerçilik setleri, ululy-kiçili çukurlar gazylanda her-hili topraklary işlemeklige –toplumyna –ýer işleriniň önümçiligi diýilýär.

Senagat we graždan gurluşygynda ýer işleri haçanda jaýlar, binalar, desgalar gurulanda kiçi, uly çukurlar gazylanda ýer işleri edilýär. Ähli ýer desgalary ulanylýan möhletine görä: wagytlaýyn hem-de hemişelik desgalara bölünýärler.

Wagytlaýyn ýer desgalaryna degişligysga wagytlaýyn –ýagny, diňe gurluşyk dowam edýän döwürde ulanylýan desgalar: mysal üçin –haýsy-da bolsa bir inženerçilik setlerini gurmak üçin gazylýan çukurlar, wagytlaýyn galdyrylýan gum depeleri we ş.m.

Hemişelik ýer desgalaryna degişli uzak möhletleýik, hemişelik ulanylýan desgalar: mysal üçin –suwlary akdyrmak üçin gurulýan ýaplar ýol gurmak üçin üýşürilýän gumlar, her-nili materiallary, çig mallary saklamak üçin ýer astynda gurulýan desgalar (açyk, ýapyk görnüşli) we ş.m. desgalargirýär.

Bu desgalaryň ählisine edilýän talaplar şu aşakdakylardan ybarat:

-gurulýan ýer binalary, desgalary ulanylýan döwründe özüniň ilkinji ölçeglerini ýitirmeli däldir;
-çökmeli däl;
-akar suwlara çydamly bolmaly, ýuwulmaly däl;
-ýagyş, gar we beýleki tebigy hadysalara durnukly, çydamly bolmaly;
-berkligi ýeterlik derejede bolmaly;
-soňky işleri geçirmäge amatly bolmaly;
-işlemäge, (ýaşamaga), işçiniň jahyna howupsyz bolmaly;

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img0 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Rastr we wektor grafikalar

4b6d46e5a0d6248d751daca758c175ca THE ASHGABAT TIMES
Next Story

MEKDEP KITAPHANALARYNYŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop