Garaşsyzlyk-Halkyň buýsagy

22.09.2024

Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. Bu gün türkmen halkynyň asyrlar boýy eden arzuwlary hasyl boldy. Ýurt Garaşsyzlyk ýyllary içinde taryh üçin gysga wagtyň dowamynda uly derejelere ýetdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyny uly bagta ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe boldy we ösüşler häzirki güne çenli dowam edýär. Syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ulgamlaryň ähli ugurlarynda gazanylýan ýokary sepgitler türkmen döwletiniň taryhynda buýsançly sahypalary ýazýar.Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzuwly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklaryň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen lukmançylyk, energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giňden dowam edýär.Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda işlenilip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi.Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, dünýäde ykrar edilen beýik işler sanardan köp. Şular hakynda oýlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň: “Watany mertler beýgeldýärler” diýen parasatly pähimi hakydaňda janlanýar.Garaşsyzlyk – belent ykbaldyr, ýurdumyza berlen ýokary derejedir! Bu gün bolsa türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Baş baýramyňyz – döwletlilik toýuňyz gutly bolsun!

Altyn MAMMETBERDIÝEWA
Türkmen oba hojalyk
instituty talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:56 am, Nov 12, 2024
temperature icon 13°C
облачно с прояснениями
Humidity 58 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:44 am
Sunset Sunset: 5:57 pm
Öňki taryh

Millionerleriň iň köp ýaşaýan 5 döwleti

Next Story

Mekan Ataýew – Çenden Aşa

Soňkylar Makalalar

Haýwanat dünýäsiniň ylmy

11.11.2024
Adamlar gadymy eýýamlardan bäri tebigy baýlyklar bilen birlikde dürli ýabany haýwanlardan peýdalanmakda köp tejribeleri toplap gelipdirler. Haýwanlary awlamak bilen olaryň ýaşaýşyny, gurluşyny öwrenipdirler. Ylymlaryň

Biosfera

11.11.2024
Janly-jandarlar emele gelmezinden ozal, Ýer togalagynda diňe fiziki we geo-himiki hadysalar bolup geçýärdi. Ýeriň atmosferasynda erkin kislorod ýok diýen ýalydy. Haçan-da jandarlar emele gelenden

Ilkinji kömek

11.11.2024
Ilkinji kömek adamy zeperleýji faktoryň täsirlerinden aýyrmaklygy (zeper ýeteni ýykylan, ýumrulan galyndylaryň aşagyndan çy­karmak, ýangynyň içinden ýa­da suwdan çykarmak, elektrik toguň, zäherleýji gazyň täsirinden

Ýeriň emeli hemrasy

11.11.2024
Ilkinji, Ýeriň emeli hemrasy “Sputnik” 1957–nji ýylyň 4 oktýabrynda SSR–de ýeriň golaýyndaky orbitasyna goýberilen. Amerika özüniň ilkinji ÝEH “Eksploler-1” 1958-nji ýylyň 1 fewralynda uçuran,

Pedagogika ylymda

08.11.2024
Pedagogika “paýdagogos” diýen grek sözünden bolup, “paýdos –çaga we “ago” –ýöretmek diýen manyny berýär. Doly terjime edende “paýdagogos” –“çagany ýöredýän” ýa-da “çagany alyp barýan”
GitTop