Ukynyň dowamlylygy

23.09.2024

Ukynyň kadaly dowamlylygy näçe? Haýsy görkezijiler ukynyň dowamlylygyny kesgitleýär. Ilkinji nobatda ýaş görkezijisi uly ähmiýete eýedir. Öň syn etmelere esaslanyp, bäbek 4-6 hepdä çenli 1 gije-gündizde 2 sagat, 1-2 ýaşda 6-8 sagat, 2-3 ýaşda 7-9 sagat, 3-4 ýaşda 8-10 sagat, 4-6 ýaşda 9-11 sagat, 6-9 ýaşda 12-14 sagat, 9-13 ýaşda 14-16 sagat oýalykda geçirýär. Jahyllyk döwründe adatça 8-10 sagat, 20 ýaşdan soň bolsa 6-8 sagat, orta ýaşda bolsa 5-7 sagat ýatýarlar. Gartaşan adamlaryň gijeki ukysy biraz gysgalar. Häzirki wagtda bu maglumatlar biraz üýtgedi. Ilkinji nobatda bu çaganyň ukysyna degişlidir. Öň görkezilen sagat görkezijileri ýokarlandyrylan bolupdyr. Sebäbi ol ýerde 2 ýagdaý seljerilipdir: dynçlyk we özara baglanyşygyň ýüze çykmalary boýunça işjeňlik ýagdaýy.

EEG-nyň görkezijileri bolsa çagada emýän wagty EEG uky nusgasynda, dynçlyk ýagdaýynda bolsa EEG oýalyk nusgasynda bolýandygyny görkezdi. Bäbediň ukysy 22 sagat däl-de, 16,3 sagat tutuýandygyny kesgitlenildi. Has dowamly üzülmeýän ukynyň döwri 4 sagat dowam edýär. Eýýam 3 hepdede bäbegiň gfijeki ukysy 14,8 sagada deň bolýar. Dowamly ukynyň döwri 8,48 sagada ýetýär. Monofazikiuka 5-6 ýaşly çagalar geçýär. Jahyllyk döwründe uky kämillik döwrüne garanyňda has dowamly bolýar. Hiç hili ortaça görkezijiler kadaly ukynyň dowamlylygynyň köp dürli görnüşleri şöhlelendirip bilmeýär. Uky adamda 4-10 sagat aralykda bolýar.

Barlaglaryň görkezijisi ýaly,köp ýatmak zyýanlyBäbekleriň köp ýatmagy olarda flegmatizmiň kemala gelmegine, akyl ösüşniň togtamagyna, gan aýlanyş we iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmagyna getirýär. Intellekti-akyly pes adamlar köp ýatýarlar. N.N.Mikluha-Maklaý papuaslar köp we dürli ýagdaýda ýtýandygyny belleýär.Muny işjeň däl adamlar barada hem aýtsaň bolýar. Işjeň, dartgynly durmuş bilen ýaşaýan adamlar ortaça kadadan az ýatýandygy bellik edildi. Ýaş we endikden başga-da ukynyň dowamlylygyna bir hatar daşky görkezijiler hem täsir edýär. Agyr zähmet fiziki we akyl ýadawlygy ukynyň uzalmagyna getirýär.

Selimmuhammet ALLABERDIÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:24 am, Sep 23, 2024
temperature icon 27°C
ясно
Humidity 24 %
Pressure 1015 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:55 am
Sunset Sunset: 7:02 pm
Öňki taryh

Dj Begga & Sevap Mesemälim (official clip)

Next Story

Empatiýa

Soňkylar Makalalar

Empatiýa

23.09.2024
Bu beýleki bir adama düşünmekligiň we ony kabul etmekligiň mehanizmidir. “Empatiýa bir adamyň şahsyýetiniň beýleki adamyň şahsyýeti bilen deňleşip, onuň beýleki adamyň duýgularyna geçmegini

Garaşsyzlyk-Halkyň buýsagy

22.09.2024
Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. Bu gün türkmen halkynyň asyrlar boýy eden arzuwlary hasyl boldy. Ýurt Garaşsyzlyk ýyllary içinde taryh üçin

Millionerleriň iň köp ýaşaýan 5 döwleti

22.09.2024
Käbir çeşmeleriň berýän maglumatlaryna göra millionerleriň hereket edýän 5 döwlet. 5. AwstraliýaMillioner akymy (2024): 2500 Awstraliýa dünýäde iň çalt ösýän ykdysadyýetleriň biridir we millionerleriň

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

22.09.2024
Durmuşymyzyň manysy çaga dünýäsi hakynda aýtmaag zat kän. Aslynda çagalar we ýaşlargelejekki şahsyýetiň körpelik döwrüni düzýär we kä halatlarda biz çagalaryň aklyna haýran galýarys.

ATA SALYH (1908-1964)

22.09.2024
Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh 1908-nji ýylda Mary oblastynyň Murgap raýonynyň Şordepe obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Üç ýaşyny doldurmanka gözagyry keselinden göreçleri
GitTop