Dünýä  arhitekturasynyň ösüşi

24.09.2024

Dünýä arhitekturasynyň ösen döwründe onuň taryhyna göz aýlamak onuň ösüşlerini öwrenmek juda ýerliklidir. Bu günki gün täze arhitektura  binagärliginiň üstünlikleri bilen bagly nijeme işler ýola goýulýar. Munuň özi taryhy nazar bilen arhitektura binagärliginiň döwrebaplygyny öwrenmekde onuň taryhyna göz aýlamagyň zerurlyklaryny ýüze çykarýar.“Dünýäniň ýüzünde näçe adam bar bolsa, şonça- da filosofiýa – pikir giňişligi bar” diýýärler. Belki- de adamzadyň daş – töwerek bilen birleşmesinde pikiriň güýji has ýokarydyr, onuň öz tebigatyndan. Adam aýagyny sekmedik adalara gitmek arzuwy, pikiri hem adamyň öz – özüni, içini diňläsi gelýänligi üçin bolmagy ähtimal. Şol sebäpli – de adamyň ýalňyz bolmak, ada gitmek arzuwlaryny Daniel Defo özüniň “Robinzon Kruzo”eseri bilen  öz ýaşan asyrynda edebiýata salyp, giň okyjylar köpçüligine ýetirdi we bu  güne çenli ýalňyz bolmak, ada gitmek, ýekeleşmek arzuwy birnäçe meşhur kinofilmleriň , birnäçe kitaplaryň, birnäçe filosofik pikirleriň döremegine sebäp boldy.

Kenzo Tange- Ýapon  arhitektory Ýaponiýada iň tanymal arhitektorlaryň biridir.Onuň taslamalary internosional görnüşde amala aşyrylypdyr.Tokiýo Uniwersitetini tamamlanyndan soňra, Ýegidäki milli stadiýony, Olimpiýa stadiýonyny,Singapurdaky ýapyk stadiýony taslama işleri bilen ýerine ýetirmäge başlangyç nusga beripdir.Gonkongdaky uniwersitetiň hormatly doktory hökmünde tanalyp, Arhitektoryň taslama işleri örän geň bolupdyr we ol öz işlerinde dostluksöýüjilikli, ynsanperwer ideýalary öňe sürüpdir.

Arhitektura- modernizasiýa stiliniň gözbaşynda duran ähli formalaryň öňküsinden döwlüp,göz öňünde janlanmasy we bir bitewilikde saklanmasy diýilse, ýalňyş bolmaz. Modernizasiýa usuly aslynda ähli döwürlerdehem- de asyrlarda bolan , öwrenişilen formanyň döwülmesi we bitewiligini saklamasydyr. Şeýlelikde Kenzo Tangeniň işlerinde, täsin arhitektura döredijiliginde ilkinji nobatda dostlukly gatnaşyklaryň simwoly hökmünde modernizasiýa hem goşulan ýagdaýda ýüze çykýan hadysalar. Soňra wagtyň geçmegi bilen üýtgäp, ýene- de täze stilleriň gözlenmegine at berilýär. Olaryň içinde binagärlik sungaty boýunça geň galdyryjy binalaryň taslamasyny düzen arhitektorlar häzirki güne çenli taryhdan bärik jahankeşdeleriň hem- de ylym adamlarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Şol sebäpden hem dünýäniň täsin arhitektura gurluşy bolan binalaryň birnäçesiniň gurluşyk aýratynlygyny belläp geçmek biziň üçin ýakymlydyr.

Gurluşyk taýdan üstünlikli tamamlanan binalar ýa- da tamamlanmadyk binalar bolup, olaryň giňişlikde tutýan orny,olaryň gözelligi we oalryň adamzat taryhyna berýän belli bahasy barada aýtmak gerek.

Olaryň biri hem Oskar Nimeýerdir. Ol Latynamerikan arhitektory bolup, Halkara arenada uly abraýdan peýdalanan, Mariýanyň sabory, mundan başga- da birnäçe binalaryň taslama işlerini hödürlemekde, juda üstünlik gazanan, şahsyýet, awtoritet alymdyr.Häzirki döwürde Londonda ýerleşçýän Gaýd – Park hem onuň taslama işi esasynda ýüze çykan eseridir.Onuň döredeijiliginde hiç wagt hem standart burçlar ýa- da bolmasa, gönüburçly binalar gyzykly däldir.

Ol hakykatdan hem kanonlaryň arhitekturada döwülmesiniň tarapdary bolup, ýer ýüzünde häzirki döwür jahankeşdeleri aňk edýän binalaryň birnäçesiniň tasalama awtorydyr.Londonda ýerleşýän Gaýd –park bolsa, iň iri jahankeşdelikmerkezi bolup, äpet ertekiler dünýänsiniň jadysyna düşürýär. Munuň özi suratkeşiň fantaziýasynyň açylmagynda we şol fantaziýalaryň iň gözeliniň hat-da çagalara degişli bolmasyna hem üstünlikli täsir edýär.Şeýle- de Braziliýada ýerleşýän Ylym we sungat muzeýiniň taslamasy dünýä belliligi bilen haýran galdyrýar.Öz şahsy muzeýi hem Riode- Janeýroda ýerleşýär.

Arhitektoryň bellemegine görä, gyşyk hem- de öz aslyndan juda düşürilmedik, päsgelçilige sezewar bolan çyzgylar hakda ýazmak, olaryň durmuşa geçmegini saglamak örän gyzyklydyr.

Modernizasiýa usuly bilen işleşýän arhitektorlar binanyň awtorlyk aýratynlygyny özlerine esasy husus edip alýarlar we şol gözelligi, şol täsinligi bolsa, ýokary tehnologiýanyň üsti bieln hödürleýärler. Kenzo Tange bolsa, şu stilleriň ählisini hem öz işlerinde modelleýär. Şa, imperator ordenleriniň eýesi bolmak bilen, Çikago uniwersitetiniň doktory, Amerikan arhitektura uniwersitetiniň altyn ýyldyz medalynyň eýesi bolmak bilen belli Herasimo binasynyň awtorydyr. Özi 1945- nji ýylyň beýik watançylyk urşunda urşuň iň pajygaly ýerlerinde ýetginjek wagty başdan geçiren zatlaryny göz öňüne tutup, arhitektura işinde şol motiwde ýerien ýetiren taslamasy bolsa, dünýä bellidir.

Ýalňyzlaşmak pikiri adamzat döräli bäri bardygyna garamazdan, ynsanlaryň içki durýgusyna gulak bermek ähli zatdan ileri tutulýan zamanynda, täze , ada gurmak, ýasama ada gurmak, arhipelag gurmak, täze ideýalaryň ýaşaýan deňiz kenarynda guruljak arhipelag bolsa, hut täze ideýaly adamlaryň ýaşaýan ýeri bolmagyny saglamaga pikirler öňe sürülýär. Adamzadyň ösüş şerti bilen tapawutlanýan bu ýerde ýasama adada sepgitlerinde ýaşaýan inwestrleri ýüze çykarar hem – de jahankeşdeleriň iň iri merkezine öwrüler. Bigatyň, adamzadyň döreden arhitektura binagärlik ýadygärlikleri häzirki güne çenli hemişe ylym tarapyndan  öwrenilendir we hemişe – de öwreniljekdir. Çünki biz arhitektura ýadygärlikleriniň üsti bilen özümiziň geçmiş taryhymyzy , şu günümizi hem – de ertirimizi öwrenmäge mümkinçilik tapýarys.

Arslan Amanow
Türkmen Döwlet binagärlik–gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:22 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň döwlet gullukçylary USAID we ÝHHG-nyň bilelikde guramagyndaky saparyň çäginde korrupsiýa garşy göreşmek we maliýe monitoring boýunça tejribelerini artdyrýarlar

Next Story

Güýz we Garaşsyzlyk

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop