Mukamlar köşgünde halkymyzy we watanymyzy wasp etýän konsert geçirildi

24.09.2024

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler.Konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy.Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyza buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.Dabara Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. «Bagtyýarlyk aýdymy» atly aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna beslenip, onda «Güneş» çagalar hory, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun» çagalar tans toparlary zehinini görkezdiler. Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.Aýdym-sazly dabara meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen «Ýaşa, ýaşa, ýaşa Siz, uzak ýaşaň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly», «Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdymlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.«Laçyn», «Näzli», «Serpaý», «Galkynyş», «Meňli» tans toparlarynyň ýokary çeperçilikdäki tanslary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Şemşat ŞYHMUHAMMEDOWA
Türkmen oba hojalyk
instituty talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:04 pm, Nov 24, 2024
temperature icon 10°C
туман
Humidity 76 %
Pressure 1014 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 78%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Döwrebaplyk

Next Story

Pekinde 11-nji parahatçylyk festiwalyna Türkmenistanyň ilçisi gatnaşdy

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

20.11.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
GitTop