Pekinde 11-nji parahatçylyk festiwalyna Türkmenistanyň ilçisi gatnaşdy

24.09.2024

20-nji sentýabrda Hytaýda Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň gatnaşmagynda 11-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. Pekin şäheriniň Parahatçylyk seýilgähinde «Köpdürlülik we dialog: ählumumy parahatçylyga we ösüşe barýan ýol» ady bilen geçirilen çäre BMG-niň Baş Assambleýasynyň 55/282 belgili Kararnamasyna laýyklykda 2002-nji ýylyň 21-nji sentýabryndan bäri her ýyl bellenilýän Halkara parahatçylyk gününe bagyşlandy. Festiwal Hytaýyň Halkara parahatçylyk gaznasy, Pekin Halkara parahatçylyk medeniýeti gaznasy we Pekiniň Parahatçylyk seýilgäh muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we ÝUNESKO-nyň wekilhanasynyň goldawy bilen guraldy. Çärä HHR-iň hökümet wekilleri Pekinde ygtyýarlandyrylan birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, şol sanda Arap döwletler Ligasynyň, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Federasiýasy, ŞHG-niň, ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar. Türkmenistanyň ilçisi P.Durdyýew öz çykyşynda ähli gatnaşyjylary Halkara Parahatçylyk güni bilen gutlap, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýaly möhüm ugurlaryny belläp geçdi. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özenindäki filosofiýanyň Türkmenistanyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda ynanyşmagy we dialog medeniýetini güýçlendirmek ugrundaky tagallalary bilen kybap gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň çäginde alyp barýan işi agzalyp, bu ugurda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna esaslandyrylan Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilendigi aýdyldy.Festiwalyň dowamynda ýaşlaryň arasynda altynjy Fotosurat bäsleşiginiň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.  Bu çäräniň geçirilmegiň maksady ylym-bilimi, häzirki zaman tehnologiýa, söwda gatnaşygy we dost-doganlygy ösdürmek bähbitli bu çäre geçirildi.

Serdar SOPYÝEW
Türkmen oba hojalyk
instituty mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:17 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 7%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Mukamlar köşgünde halkymyzy we watanymyzy wasp etýän konsert geçirildi

Next Story

Atom näme?

Soňkylar Habar

GitTop