Taryhy eýýämleriň baýramy

26.09.2024

Garaşsyzlygy gazanan günümizden beýläk dostana döwletler bilen medeni, ykdysady, syýasy, bilim ulgamlary boýunça gatnaşyklar ýola goýulmagy bolsa, bu ugurda edilen işleriň ummasyzdygyny görkezýär. Döwletleriň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni babatda ýygjam gatnaşyklar däbe öwrüldi. Elbetde häzirki döwürde ýurdumyzda iri jahankeşdelik syýasaty ýagny syýahatçylygyň ösmegi bilen birlikde ykdysady reformalary hem amala aşyrmak usullary jemlenendir.  Şeýle mümkinçilikler bizi buýsandyrýar, guwandyrýar.  Köpetdagy etekläp oturan sergin howaly, bol suwly Nusaý galasy uzaklardan seredeniňde gözelligiň hudaýy bolan Rodogunanyň keşbinde saňa bir zatlary aýdyp berýär. Taryh öz goýnunda nijeme syrlary saklaýar, bu düşnükli zat. Şol sebäpli- de onuň içindäki syrlary hemişe ilkinji nobatda ynsan bilen baglanşykly, soňra şol topraklara degişli ýerler, olaryň topraklardaky bagy- şu zatlaryň ählisi birleşip bir ullakan taryhy özgerişi emele getirýär. Şol sebäpli-de taryhda bolup geçýän wakalaryň üstünden aýlanyp duran taryhy baglar dünýäniň çar künjündäki medeniýetleri bir ýerlere birleşdirip, bir sapaga düzýär, bir bagda saklaýar.Dogrusy dürli ýerlerde taryhy ýadygärlikleriň bolmagy bolsa, taryhda şöhratly ärleriň köp bolandygyny alamatlandyrýar. Nusaý galasy paýtagtymyzyň eteginde ýerleşip, özüniň medeni aýratynlyklaryny soňky döwürlerden alýan hem bolsa, ol ýerden tapylan tapyndylaryň has irki medeniýetlere degişlidigini, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda medeni gatnaşyklaryň yzygiderli bolandygyny subut edýän hadysadyr.Nusaý galasy özüniň ýerleşýän meýdany bilen 14-15 gektar töwereklerini hem öz içine alýar. Gala emeli beýiklikde ýerleşip, galanyň umumy süňňi pagsadan edilendir.diwarlaryň düýbüniň galyňlygy 8-9 metrden ybarat bolan bu gala Arshakitleriň köşk- ybadat jaýlary bolan.Bu ýerde döwlet diwany, ybadathana hazyna hem- de köşk baştutanynyň maşgalasydyr,ýakyn adamlary ýaşapdyrlar.

Baý taryhy bolan türkmen topragy bu günki gün ýurdumyzda geçirilýçän baýramlaryň dabarasynda ýer alýar. Çünki taryhy eýýämleri bilen, ylym- bilimi, ýazuw medeniýeti bilen özüni aldyran halk ölmez- ýitmez taryha eýedir we hut Garaşsyzlyk ýyllyary içinde bu ajaýyplyklaryň subut edilmesi bu gün biziň ýurdumyzda, halkymyzyň geçmiş medeniýetine , taryhy baglaryna, dostana gatnaşyklarda dünýä ýaýraýan medeniýetler bilen gatnaşmagynda badalga boldy. Bu taryhy alamatlar Nusaý –Parfiýa şalygyna hem degişlidir. Galalaryň açylmaly syrlarynyň açary Gahryman Arkadagymyzyň “ Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly mukaddes kitabydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrüň pasyrdaýan ýaşyl baýdagynyň astynda beýik ýüpek ýolunyň syrlaryna barýan ýodalary öwrenmek biziň paýymyza düşýär. Dünýäniň çar künjüne uzaýan ýüpek ýolunyň aýratynlygy her haçan dostlugyň medeni aýratynlyklaryny özünde jemlän bolsa,onda häzirki döwürde ykdysady hem- de syýasy,maddy hem- de ruhy medeniýetleriň bir sapaga düzülmesinde wajyp rol oýnaýar. Garaşsyzlyk iň mukaddes baýramlaryň biri bolup, ynsanlaryň ýüregine ornady. Dabarasy dag  aşan, gözel hem salkyn howaly Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gurluşyk meýdançasyndaky işleriň başlanany ýaňy ýalydy. Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdirilmegi bolsa, “Pahim- paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynda ýokary sepgitlere dalaş edýän türkmen diýarynda dabaralaryň has şowhunlaşýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly we giň gerimli işleriň aňyrsynda Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak işini her bir türkmenistanlynyň, her bir maşgalanyň anyk bähbitlerine gönükdirdi. Hut durmuş ugurly ileri tutulýan ugurlar ähli özgertmeler maksatnamalarynyň esasyny düzýär.

Aşgabadyň ak sungat bolsa, bu günki gün paýtagta dünýäniň çar künjünden gelýän jahankeşdelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Döwrümizde we günlermizde mozaýka sungaty modern şäherleriň hem beýleki taryhy şäherleriň hem islegli bezegi hökmünde özboluşly hem- de bakylyk eserini simwollaşdyrýar.  Hakykatdan hem bu itlerde tebigy hüşgärleigiň bolmagy bahasyna ýetip bolmajak hadysadyr. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär. Arhiologiýa hem-de gazyp agtaryş işleri netijesinde Türkmen halkynyň iň gowy zatlary bolan gymmatlyklarynyň biri hem wepaly alabaý iti bilen bilelikde onuň bedew atlarydyr. Türkmenistan köp milletli döwletdir. Hakyň nazary düşen bereketli Türkmenistana gelýän jahankeşdeleriň esasy gyzyklanýan zatlary bolsa, ahal teke atlarydyr, beýleki gymmatlyklarymyzdyr. Bu ugurda bolsa,türkmen milleti buýsanmaga haklydyr.Dostana gatnaşyklara ýol açylmagy bolsa, diňe Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Munuň özi ýurduň ösmeginde uly abraýa eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen edilýän işleriň üstünlikli amala aşmasyna giňden ýardam berýän Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biz telekçiler hem ýurdumyzda ilata hyzmat etmek üçin işler alyp barýarys. Häzirki döwürde telekeçilere berilýän üns hem öňküden has- da ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara üns bermek bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmek hem- de ony ýola goýmakda ýaşalryň has işjeň gatnaşmagynyň zerurlygy babatynda her gezekki çykyşlarynda durup geçýär.

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäginde yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatly üstünliklere beslenendiginiň şaýady bolmagymyz üçin uly işler amala aşyrylýar.Demir we awtomobil ýollarynyň giň ulgamynyň gurulmagyny alamatlandyrýan müňlerçe kilometrlik ýollaryň taslamalary, ozal bar bolan deňiz we howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeleriniň gurulmagy bu günki gün halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy üçin edilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň oňynmysaly bolup durýar.Ulag- aragatnaşyk ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek baradaky yglan eden başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär hem- de bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň üstünligini zähmete tarap ugrukdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde ulaglar ulgamynyň maddy- enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ozal hereket edýän ulag- aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanylmagy bolsa, bu günki gün hyzmatdaşlygyň baky binýadynyň ýola goýulandygyny subut edýär.Bu Türkmenistanyň ulaglar ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümlerine işjeň goşulyşmagyna, iri logistika merkezleriniň döredilmegine, sebit intermodal ýükleri daşamagyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge hyzmat eder. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy dabaraly bellenip geçilýän üstümizdäki şöhratly ýylda ähli pudaklar boýunça gazanylan üstünliklere ser salanyňda, her geçen aýyň parhynyň köpdügine ýene-de bir ýola şaýat bolýarsyň.      Berkarar döwletimizde şan-şöhrata, buýsanja beslenýän günleriň, aýlaryň, ýyllaryň bir-birinden parhyny duýmak bolýar. Ykdysady ösüşleri saglaýan üstaşyr geçelgeler hem döwletler üçin hem halklar üçin örän wajypdyr. Bu bolsa, Garaşsyzlygymyzyň gazanan netijeleriniň iň üstünliklisidir.

Sähragül DURDYÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:51 am, Nov 22, 2024
temperature icon 6°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Dabaraň daglar aşdy

Next Story

Mugallymyň okuwçylara  söz üsti bilen täsir etme usullary

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop