Dark
Light
25.01.2026
malaysia kuala lumpur THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatdan Kuala Lumpura indi hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

02.05.2024

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylardan gelýän köp sanly islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, halkara gatnawlarynyň sanyny yzygiderli artdyrýar. Awiakompaniýa şolaryň hatarynda Aşgabat ― Kuala Lumpur ― Aşgabat aralygyndaky gatnawlaryny hem hepdede iki gezege çykardy.

Ozal Türkmenistanyň we Malaýziýanyň paýtagtlaryny birleşdirýän uçuşlar hepdede bir gezek ― diňe penşenbe güni amala aşyrylýardy. Şu ýylyň 23-nji aprelinden başlap, bu ugur boýunça gatnawlara hepdäniň seşenbe günündäki gatnawlar hem goşuldy. 

Indi sşenbe günündäki T5-801 gatnaw arkaly türkmen laçyny Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 16:10-da göge göterilip, Malaýziýanyň paýtagtyna gije 02:40-da gonýar. Iki sagat soňra ― 04:40-da Kuala Lumpurdan Aşgabada tarap ýola düşen uçar türkmen paýtagtyna çarşenbe güni gündiz sagat 10:10-da dolanyp gelýär.

Malaýziýa ― bu gün diňe bir Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde okgunly ösýän döwletleriň biri. Dostlukly döwletiň paýtagty bolsa dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Täze gatnaw ýolagçylaryň we syýahatçylaryň bu isleglerini amala aşyrmakda uly mümkinçilik döredýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

4b6d46e5a0d6248d751daca758c175ca THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

MEKDEP KITAPHANALARYNYŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

london skyline 125508655 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat ― London ― Aşgabat uçuşy hepdede iki gezege çykaryldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop