Pyragy sözüniň manysy

02.05.2024

Hezreti Magtymguly atamyz dini ylymlary çuňňur öwrenmek üçin Owganystana, Hindistana, Özbegistana, Hywa, Buhara we başga–da birnäçe ýurtlara gidip köp ylymlar alýar.

Hakdan içen Aryf  Magtymguly atamyz keramatly Pir bolup şerigat hem tarykat ylmyndan uly paý alyp özüniň ýiti eserlerini halklara ýaýyp Gündogar edebiýatynyň göwher gaşy bolup ýalkym saçýar. Özüniň syrly setirleri bilen Gündogary öwreniji alymlaryň, halklaryň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Halklaryň kalbynda uly orna eýe bolupdyr. Magtymguly Pyragy hemme ylymlardan paýly bolşy ýaly şygyr düzmek ylmynada örän ezber bolupdyr. Ähli hikmetli gepleri we Aýat, Hadyslaryň manylaryny öz ene dilimiz türkmen dilinde şygyra geçirip, şygyryň üsti bilen halka ýetiripdir.

Kelamda gördügüm sözlär tillerim,
Bu sözümde bardyr Hadys hem Aýat,
Magtymgulynyň aýtgany Hak Mustafanyň diýgeni,
Bir zerre ýokdur ýalany

diýen setirlerine ser salsak, hakykatdan hem akyldar Pyragy Aýat, Hadyslaryň manylaryny öz ene dilimiz türkmen dilinde şygyra geçirip, şygyryň üsti bilen halklara ýetirendigine güwä bolýar.

“Şirin gazal donun biçdim ýaranlar” diýip aýdyşy ýaly şirin gazal donun biçen akyldardyr. Şygyrýet äleminiň ussadydyr. Hezreti Magtymguly atamyzyň düzen eserleri tükeniksiz kändir. Halklaryň arasynda dana Pyragynyň köp golýazma kitaplary Etrek derýasynyň siline gidip ýitipdir. Halklaryň arasynda eger – de Magtymgulynyň hemme ýazan kitaplary bize gowuşan bolsa onda bir düýä ýük bolmaly diýen ýörgünli gürrüňem bar. Akyldar Pyragy goşgularyny sile aldyranlygyny käbir goşgy setirlerinde beýan edýär.

Gaýgy – gamda eziz ömrüm solduryp,
Şum pelek azabym reýgan eýledi.
Ýazan kitaplarym sile aldyryp,
Gözlerim yzynda girýan eýledi.

Şum pelek bi rehim maňa bildirdi,
Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy,
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy Jeýhun derýa eýledi.

Magtymguly Pyragy Aryf bolan atanyň elinde ulalyp, Yslam mekdebinde terbiýelenip, Sopyçylyk ýolunda kemala ýetýär. Gysgaça aýdylanda Magtymguly atamyz Alymy we Weli bolup beýik Biribaryň yşgyna düşen aşyk bendedir.

Pyragy Hezreti Magtymguly atamyzyň lakamydyr. Pyrag – diýmek, aýralyk, aýra düşmek, jyda düşmek diýmekdir. Akyldar Pyragy Käbesi bolan enesinden, Kyblasy bolan atasyndan, ýan–ýoldaşyndan, göz guwnjy bolan perzentlerinden aýra düşüp aýralyk hasratyna ulaşan soň özüne Pyagy lakamyny goýýar. Akyldar özüniň mübärek setirinde:

Magtymguly adyň döndi pyraga,
Pyrag bolup çek özüňni gyraga,
Gan edipdir pelek bagrym pyrakda,
Näler çekdim derdi pyrag.

diýmek, bilen özüniň gaýgy hasrata ulaşandygyny, aýralyk oduna tutaşandygyny, nygtap geçýär.

Şyhberdi Şyhberdiýew
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:32 pm, Oct 22, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1022 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:21 am
Sunset Sunset: 6:19 pm
Öňki taryh

Aşgabat ― London ― Aşgabat uçuşy hepdede iki gezege çykaryldy

Next Story

“Dünýäde Parahatçylygy we Howpsuzlygy Gorap Saklamakda Halkara Ynsanperwer Hukugynyň Ähmiýeti” atly halkara düzme bäsleşiginiň netijeleri

Soňkylar Makalalar

Maýa goýumlar

22.10.2024
Maýa goýumlar baradaky düýpli düşünjeler “Türkmenistanda maýa goýmak işi hakynda” Türkmenistanyñ kanunynda dolulygyna beýan edilýär. Şeýlelikde,  girdeji almak ýa-da durmuş taýdan peýda gazanmak maksady

Ata Watanymyz kuwwatly energetika döwleti

22.10.2024
Beýik özgertmeler ýoly bilen barha kuwwatlanýan mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler, gurulýan köpsanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde

Denominasiýa we onuňdurmuş-ykdysady netijeleri

22.10.2024
1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan milli pul bolan manadyň girizilmegi we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli walýutanyň – denominasiýasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet nyşany hökmünde-de, ýurduň

MIWE ŞERBETLERI

22.10.2024
Miweli-iýmişli şerbetler ýylylyk sterilizasiýasyny sezewar edilip, şeker siropyndaky bir ýa-da birnäçe miweleriň we iýmişleriň görnüşlerinden durýan konserwalar. Şeker siropynyň goşulmaly önümiň tagamyny gowulandyrýar we

Dünýä arhitekturasyndaky ösüş

22.10.2024
Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarny ösdürmegiň we olaryň ajaýyp arhitekturasyny bina etmegiň üstünlikli işleri Garaşsyzlyk ýyllary içinde yzygiderli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň aladalary
GitTop