Surat: centralasia.news

Aşgabatda BAE-niň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27.09.2024

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça jogapkär orunbasary Baýramgül Orazberdiýewa bilen BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada BAE-niň ilçihanasynyň maglumatlaryna esaslanyp, centralasia.news 25-nji sentýarbrda habar berdi.

Ilçi duşuşygyň başynda şeýh Mansur ben Zaid Al Nahaýýanyň we ýurduň daşary işler ministri şeýh Abdulla ben Zaidiň, şeýle-de beýleki birnäçe ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň salamyny ýetirdi.

Diplomat iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we onuň gerimini giňeltmegiň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi.

Öz gezeginde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, türkmen tarapynyň özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň tarapdarydygyny mälim etdi diýlip, çeşmede bellenilýär.

loader-image
Ashgabat
2:28 am, Sep 29, 2024
temperature icon 17°C
облачно с прояснениями
Humidity 25 %
Pressure 1022 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:00 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
Öňki taryh

Isgender Zülkarneýin (Aleksandr Makedonskiý)

Next Story

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

27.09.2024
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­ri ka­bul et­di. Bu
GitTop

Don't Miss