Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirilýär

27.09.2024

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýär. Aşgabatda, Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş başlandy. Bu barada TDH habar berýär.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Soňra Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş başlandy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralan bu baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:23 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 81 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 9%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss