Dark
Light
24.01.2026
buig THE ASHGABAT TIMES
Surat: TDH

Türkmenistanyň Prezidenti «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni kabul etdi.

Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelen milli baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz myhmanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda mähirli mübärekläp, gutlaglarydyr hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Indi ençeme ýyllaryň dowamynda «Buig» kompaniýasy türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Şu geçen ýyllarda kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň durmuşa geçiren taslamalary hil babatda halkara standartlara doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde, «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ynanyşmak, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, türkmen tarapynyň däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, toplanan oňyn tejribäni, täze taryhy döwrüň uly wezipelerini nazara almak bilen, bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

14 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirilýär

wozrojdeniye THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop