Surat: turkmenistan.gov.tm

Aryf Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi yglan edildi

30.09.2024

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda 28-nji sentýabrda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylyk dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylan günlerinde geçirilmeginde çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky eden nurana arzuwlary ýurt Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydygyny bellemek ýakymly.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, çeper döredijilige gol beren ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikler guralýar. Munuň özi türkmen halkynyň baý edebi mirasyna söýgi döretmekde we ony giňden wagyz etmekde hem-de täze zehinleri ýüze çykarmakda ähmiýetlidir.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy has-da ähmiýetli boldy we ol ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bäsleşikde ýeňiş gazananlara ýörite diplomlar, hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

loader-image
Ashgabat
6:30 pm, Oct 4, 2024
temperature icon 25°C
небольшой дождь
Humidity 44 %
Pressure 1015 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:04 am
Sunset Sunset: 6:45 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Next Story

Türkmenistanyň Bilim ministri somalili kärdeşi bilen sanly wideoaragatnaşyk duşuşygyny geçirdi

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss