Dark
Light
24.01.2026
1surat izbsm5c thumb e1727714718354 THE ASHGABAT TIMES
Surat: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministri somalili kärdeşi bilen sanly wideoaragatnaşyk duşuşygyny geçirdi

30.09.2024

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Somali Federatiw Respublikasynyň Bilim ministri Farah Şeýh Abdulkadyryň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Ilçisi Fathudin Ali Muhammet hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýtynda 30-njy sentýabrda habar berildi.

Habar bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministri somalili kärdeşini Türkmenistan bilen bilim gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna bildirýän gyzyklanmasy üçin özüniň hoşallygyny bildirip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gurluşy, bu babatda halkara derejesinde ýetilen sepgitler we geljekde ileri garalýan wezipeler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara we sergilere, mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryň arasyndaky halkara derejeli bäsleşiklere, olimpiadalara Somaliniň wekilleriniň hem gatnaşmagyny teklip etdi.

Somali Federatiw Respublikasynyň Bilim ministri agzalan teklipler üçin minnetdarlygyny beýan edip, öz gezeginde bu ýurtda bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanyp, Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna isleg bildirilýändigini habar berdi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda özara tejribe alyşmaklaryny maksat edinip, sanly wideoaragatnaşyk arkaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar babatda duşuşyklaryň guralmagyny teklip etdi we muňa ikitaraplaýyn bilim gatnaşyklaryň ilkinji ädimi hökmünde garaýandygyny belläp geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Somali Federatiw Respublikasynyň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ugrunda bildirilýän gyzyklanmalar we teklipler üçin birek-birege hoşallygyny bildirdiler hem-de bu babatda gatnaşyklaryň özara bähbitli häsiýete eýe bolmagyny arzuw etdiler.

280924 33 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aryf Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi yglan edildi

2024 10 01t06 28 10.543z 1000023080 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Futbol janköýerleri üçin giriş tölegsiz bolar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss