Surat: mfa.gov.tm

Türkmen wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

01.10.2024

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guralan «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda 1-nji oktýabrda habar berildi.

Türkmen tarapyndan Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini belläp, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalar hakynda gürrüň berdi.

Şäher meýilnamasy we durnukly ösüş pudagynda öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagynyň mysaly bolan «akylly» Arkadag şäheriniň taslamasyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem dynç alyş we sagaldyş üçin döwrebap infrastruktura eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tanyşdyryldy.

Türkmen wekiliýeti suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi. Hususan-da, UNECE-iň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça täze hukuk guralyny döretmek, şeýle hem Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:18 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
небольшая облачность
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Next Story

Watan habarlary 01 10 2024

Soňkylar Habar

GitTop