Garaşsyzlygymyzyň gazananlary

02.10.2024

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen diýarymyzyň ösüşli ýollary diňe bir beýleki ugurlarda däl, eýsem nebit we gaz pudagynda hem görülip- eşidilmedik derejeleri ýetdi. Çünki halkymyzyň häzirkizaman ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin döwletimiziň ösüş ýolunyň ykdysady ugry bu günki gün has zerurdyr.Şol jähtden ugur alyp, ýurdumyzda edilýän işleriň agramynyň nebit we gaz pudagy boýunça ösüşlerinde ilkinji nobatda hünärmenlere baglydygy düşnüklidir.Türkmenistan hakykatdan ehm serişdelerine baý döwletdir.Dogrusy ýurdumyzda bu ugurdan edilýän işleriň sanasaň sogaby bar. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýurdumyzyň çäginiň dörtden üç böleginiň nebit we gaz babatdaky geljegi uludyr.Bu bolsa, diňe Garaşszylyk ýyllary içinde ýüze çykdy. Türkmenistan diýarymyzyň ähli dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen güýjelýär.Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri elbetde taryhy sahypalaryň köpüsini açdy. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi.
Garaşsyzlygymyzyň gazananlary bolsa dünýä gymmatlyklarynyň özenidir. Dünýäniň dürli ýurtlarynda zähmet çekýän hyjuwly ýaşlaryň öz watanyna buýsanşy ýaly , biziň hem ýurdumyzy bagtyýar ýaşlary häzirki zaman döwrebaplylygy bilen baglanşykly döwlet işleriniň ösüşlerinde öňdebaryjylygy, işewürligi görkezýärler. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen utgaşyp giýän ýaş ýürekleriň joşgunyna aýratyn üns berilmegi bolsa, biziň bilen olara berilýän ýeňillikler hem bu ajaýyp şygara mysaldyr. Çünki her bir zähmet ornunda işleýän ýaş oglan- gyzlaryň , hünärmenleriň öz iş orunlaryny tapmaklary , şeýle- de olaryň durmuşa ugrukmaklary üçin döwlet tarapyndna berilýän kömekler, salynýan jaýlardan olara orun berilmegi, bank hyzmatlarynda olara ýeňillikler berilmegi hem ýurdumyzda ýaşlary goldamagyň aýdyň subutnamasydyr.Dürli ýerlerde ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanan dabaralar bilen birlikde , olaryň bilim ulgamyndaky açyşlary barada geçirilýän birnäçe çäreler hem muňa mysal bolup biler.

Ýaşlary dogry ýola gönükdirmek, gelejekde olaryň gurjak maşgalasyna, gurjak abraýyna, watany, il- güni, ýakynlary üçin etjek işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde uly nesliň paýyna düşýär.ýaş nesilleriň ýurdumyzda edýän açyşlary, ylmy çaklamalarydyr, döredijilikli çemeleşip, döredýän täzelikleri, innowasiýon ösüşlerde hem beýanyny tapýar. Häzirki döwürde oalryň bilimli, ylymly, ugurtapyjy hünärmenler bolmaklary üçin dürli okuw jaýlarynda okamaga, bilim almaga doly mümkinçilikleri bar. Dünýäniň nijeme ýurtlarynda bilim alyp, dürli hünärler öwrenip, tejribe topalamak bilen , dünýä tejribesini öwrenmek bilen birlikde öz ýurdumyzda hem bilim alýan ýaşalryň özara gatnaşyklary, olaryň okuwlaryndaky tejribeçilik işlerini öňe gidirmekleri üçin bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler hem ylymly ýaşlaryň köpelmegine özüniň täsirini ýetirýär.Garaşszylyk ýyllary içinde ylym , bilime hem aýratyn üns berildi. Ylym binýatly döredijilgi ýaşlaryň ylmy gözlegleri her bir döwrüň açyşlaryna basgançakdyr.Ýurdymyzda öňe sürülýän gök guşak syýasaty Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda häzirki döwürde topragymyza ideg etmek boýnça ediliýän işleriň üstünlikli amala aşmagyna ýardam berýär. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýagşy ýörelgeler kämilleşdirilip, dowam etdirilýär.

Dünýä ýüzünde gök guşagy, tebigaty goramak boýunça elbetde uly işler alnyp barylýar munuň özi ilkinji nobatda ynsanlaryň saglygyny aýap saklamak üçin hem- de gelejegi nazarlaýan ýaşaýyşyň iň gymmatly hazynasy bolan nesillerimiziň saglygyny gorap saklamakda bahasyna ýetip bolmajak işlerdir. Ýurdumyzda gök guşak syýasaty bieln bagly işleriň alnyp barylmagy, halkymyzyň öz tebigatyny goramakda ýaş nesillere ýörelge görkezmesini saglamagy bolsa, bu günki gün buýsanyp aýtmaga zadyň köpdügini alamatlandyrýar.

Türkmeniň sary donly agras güýzüniň hem özboluşly lezzeti bar. Bu pasylda bilim ojakary hakykatdan hem hyjuw bilen gaýnamaga başlaýar, bilim edaralarynda, ýokary okuw jaýlarynda hem bag ekmek dabarasyna gatnaşýan oglan- gyzlaryňsany barha artýar. Bu pasylda ir-iýmiş ýetişip, bolçulyk döreýär. Daş-töweregimizi gurşap, ömrümizi hem döwrümizi bezeýän ýaşyl baglaram, deňiz-derýalaram, ir-iýmişlerem, janly-jandarlaram biziň goragymyza mätäç. Ýurdumyzyň tebigatyna berilýän üns, onuň goraglylygyny üpjün etmek, tebigatymyzyň iň gözel, iň ajaýyp ýerlerinde adamlaryň dynç almagyny, gezelenç etmegini guramak işlerine berilýän üns has-da artdy. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň halkymyzyň arasynda bolup, bereketli bol hasyl alan daýhanlary gutlamagy eýýäm adata öwrüldi, şol sebäpli hem ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň aladasy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hasyl toýlary hem dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Bu bolsa diňe, Garaşsyzlygymyzyň miwesidir.Munuň özi türkmen halkynyň bereketli topragynyň ideginiň ýetikdigini ýene bir gezek subut

Müňýyllyklaryň taryhy gadamalry bilen halkymyzyň öňe- bagtyýar geljege , ýaşlary ylym dünýäsiniň sagdyn ölçegne alyp barýan Gahryman Arkadgymyz biziň ýolýörelgämizdir , biz- ýaşlaryň , parahatçylyk söýüji nesilleriň ygtybarly döwlete bolan söýgüsini ýene bir gzek subut edýän mukamymyzdyr.Mundan başga-da ýaşlar halkara giňişliklerde döwletimiz tarapyndna edilýän işlerde hem orun alýarlar. Ýaş, döredijilikli diplomatiýany goldamak hem-de ony döwlet ähmiýetli işlerde döredijilikli ýola goýmak hem hut ýaşlaryň işidir. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem köplenç ýaşlar bolmagy bu ugurlarda ösüşleriň, täze modernizasiýanyň alamatlandyrylan gatnaşykarynyň ösüşini saglaýar.Biziň ýurdumyzda ýaş ýüregi joşgunly hem- de zehinli ýaşlar halk hoalygynyň ähli ugurlary boýunça zähmet çekýärler.Biziň ýurdumyzda we paýtagtymyzda durmuş infrastrukturasynyň ähli zerur desgalary, söwda-dynç alyş merkezi, bazar, oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutulyp, halkymyz üçin oňyn şertler döredilýär.Şu döredilýän şertlerde hem ýaş maşgalalar üçin uly mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz hem- de Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar gelejegi bolan ýaşlaryň durmuşynda uly özgertmeler durmuşa geçriýär.Oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy hem-de ýaşlaryň watançylyk duýgusyny has- da berkleşdirmek üçin edilýän işleriň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar. Olaryň döredijiliginiň hem-de açyşlarynyň, ylmy nukdaýnazarlarynyň bilim öwrenip, täze manylaryň, mazmunlaryň üstüni açyp, ylmy çaklamalar bilen öz döredijiliklerini subut etmäge bolsa, dürli mümkinçilikler döredilýär.

Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sähra MUHAMMETRÜSTEMOWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:06 pm, Nov 24, 2024
temperature icon 12°C
туман
Humidity 76 %
Pressure 1014 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

USAID-IŇ IŞGÄRI ÄNJALI KAUR WE TÜRKMENISTANYŇ RESMI ADAMLARY ARAGATNAŞYKLARY ARTDYRMAK ARKALY DOLANDYRYŞY WE DURNUKLYLYGY GÜÝÇLENDIRÝÄR

Next Story

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara güýç ulanmazlyk güni we Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop