Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik geňeşi geçirildi

02.10.2024

2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar döwür» ady bilen döredijilik geňeşi geçirildi. Döredijilik geňeşi Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň iki gezek eýesi, halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewe bagyşlanyldy.

Geçirilen çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary Saragt Babaýewi «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy we we «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň astynda geçýän şu ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Saragt Babaýew ýurdumyzda hem-de dünýäniň dürli künjeklerinde birnäçe heýkeltaraşlyk işlerini tamamlady. Olaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşdirilen 24 sany daşary ýurtly şahsyýetiň monumental taslamasy bar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:48 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara güýç ulanmazlyk güni we Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

Next Story

INNOWASIÝA SYÝASATY – DÖWRÜŇ TALABY

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss