INNOWASIÝA SYÝASATY – DÖWRÜŇ TALABY

02.10.2024

Önümçilikde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda wagtyň geçmegi bilen ulanylýan tehnologiýalar, mehanizimler, esbaplar, en­jamlar könelmek bilen bolýar. Zähmetiň özüne çekijiligi, onuň öndürijiligi önümçilikde ulanylýan tehniki serişdeleriň derejesine, kuwwatyna, güýjüne, daşky görnüşine, tehniki serişdeleriň aýry-aýry parametrleriniň kämilligine baglydyr. Kämilleşdirme, innowasiýa, amortizasiýa, rekonstruksiýa sözleri bir topluma girýän hem-de özüniň ähmiýeti, ýerine ýetirýän wezipesi boýunça meňzeşdir, şonuň ýaly hem amal edilmeli meseleleri toplumlaýyn çözmäge ýardam berýär. Önümçiligiň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulanylýan tehniki serişdelerini kämilleşdirmek, moder­nizasiýa syýasatyny edara, kärhana, pudak we döwlet derejesinde hemişe alyp barmaly. Kärhananyň düzümini, onuň önümçilik medeniýeti, işgärleriň işe bolan gatnaşygyny, ukybyny, zähmet öndürijiligini az harajat bilen, ýagny mehanizasiýanyň, awtomatizasiýanyň, täze tehnologiýalaryň hasabyna ýokarlandyrmak her bir edaranyň, kärhananyň, pudagyň öňünde örän jogapkärli wezipe bolup durýar. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soňra halk hojalygynyň ähli pudaklarynda galkynmak, dikeltmek, tehniki dilde aýdanymyzda rekonstruksiýa, modernizasiýa meselesi ör boýuna galdy. Türkmenistanyň ilatynyň esasy bölegi oba ilatly ýerlerde ýaşaýarlar hem-de işleýärler, şonuň üçin hem daýhan hojalyklarynyň hereket etmeginiň oba ýerlerinde, umuman döwlet derejesinde hem medeni, ykdysady, syýasy, durmuşy we beýleki birnäçe çäreleri durmuşa geçirmekde çäksiz uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde oba ilatynyň durmuş halýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen saglygy goraýşyň, sportuň, syýahatçylygyň, medeniýetiň, bilimiň, ylmyň, gurluşyk we gurluşyk materiýallary toplumynyň, suw, oba hojalyk önümleri toplumynyň, energetika, nebit-gaz toplumynyň, awtomobil, demir ýollary, derýa, deňiz gat­naw ýollarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň, ilata hyzmat edýän beýleki edaralar toplumynyň derejesini döwrebaplaşdyrmak boýunça 2020–nji ýyla çenli döwür üçin birnäçe döwlet derejeli meýilnamalar kabul edildi. Kabul edilen maksatnamalar eýýäm doly hereketde, Hormat­ly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir bellenen çäre öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda hu­susy we daşary ýurtly işewir adamlaryň, iri kompaniýalaryň maýa goýumlarynyň köpelmeginiň, ýyl-ýyldan artmagynyň esasy sebäbi näme? Ol Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna giň ýoluň açylmagy, onuň durnukly, ygtybarly, mäkäm guralan binýadyna, döredilen giň ykdysady we syýasy potensialy­na bolan ynamdyr. Daşary ýurtly işewürler, firmalar, kompaniýalar geçen 24 ýyl içinde ýurdumyzyň gülläp ösmeginde çäksiz uly işleri bitirdiler, esasan gurluşik pudagynda. Gurluşyk we gurluşyk material-lary toplumlary Türkmenistanyň ähli pudaklarynyň ýokary depgin­ler bilen ösmeginde aýgytlaýjy faktor bolup çykyş etdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dikeldilen we taze gurlan önümçilik kärhanalarynyň, fabrikleriň, desgalaryň, binalaryň sany sanardan köpdür. Köp böle­gi dokma senagatyna hem-de energetika we nebit-gaz toplumyna degişlidir.

Geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ýagdaýda alyp barmakda modernizasiýa, rekonstruksiýa, innowasiýa syýasaty uly ähmiýete eýedir. Elbetde modernizasiýany, rekonsrtuksiýany we amortizasiýany wagtly-wagtynda, ýörite meýilnama esasynda alyp bar­mak hökmanydyr, modernizasiýanyň we rekonstruksiýanyň wagtyny çäklemek bolsa amortizasiýa işiniň derejesine we hiline baglydyr, başgaça aýdanymyzda işe girizilen täze tehniki serişdeleri haçan, haýsy wagt, näçe ýyldan modernizasiýa ýa-da rekonstruksiýa etmeli? Bu işleri dolsa döwrebap alyp barmak üçin hökmany suratda kämil ýola goýlan maliýe hojalygy we buhgalterçilik işleriniň meselelerini düzgünleşdirmek gerek. 2010-njy ýylyň oktýabr aýynyň 1-ine Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisini ge­çiren mahalynda bu halkara ähmiýetli örän wajyp mesele barada durup geçip, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlary hakynda” ýörite kanuny gysga wagtyň içinde doly taýýarlap, Türkmenistanyň Mejlisinde seretmegi tabşyrdy. Ýurdumyzy durmuşy, ykdysady we syýasy taýdan ösdürmekde bu meseläniň çäksiz uly ähmiýetiniň bardygyny Hormatly Prezidentimiz ozal hem Türkmenistanyň Mi­nistrler Kabinetiniň Mejlislerini geçiren mahalynda aýdypdy. Şol sebäpli hem buhgalterçilik we maliýe işleri boýunça hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň daşary ýurtlara sapara gitmekleri, daşary ýurtly we öz hünärmenlerimiziň gatnaşmagynda ýörite seminarlar guramak ýaly birnäçe taýýarlyk işleri geçirilipdi. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlary” işleri baradaky kanunnamalar we esasy kanun kabul edilenden soňra esasy ykdysady kanunyň hemme mikro we makro görkezijileri baradaky gerek bolan maglumaty almak bolar. Bu bolsa öz gezeginde kärhanalarda modernizasiýa, rekonstruksiýa işleriniň geçirilmeli wagtyny anyk kesgitlemäge ýardam berer. Aslynda her bir düzümde, edarada, kärhanada buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlary talabalaýyk alnyp barlanda döwletiň berkararlygy, mäkämligi, binýady gün-güden pugtalanýar we artýar.

Jennet DÖWLETMYRADOWA
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:20 pm, Oct 4, 2024
temperature icon 25°C
небольшой дождь
Humidity 50 %
Pressure 1015 mb
Wind 6 mph
Wind Gust Wind Gust: 7 mph
Clouds Clouds: 92%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:04 am
Sunset Sunset: 6:45 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik geňeşi geçirildi

Next Story

Töwekgelçilik

Soňkylar Makalalar

Siz pikiriňiz haysy ?

04.10.2024
Pikirlenme nähili material bilen işlenilişine, nähili täsirleri ýerine ýetirişine görä birnäçe görnüşlere bö-lünýär: 1. Aýdyň – hereketde pikirlenme – bu adamyň predmetlere gönüden-göni täsir

POLO OÝUNY

04.10.2024
Polo-4 topardan ybarat 2 toparyň,diametri 10 sm bolan topy ellerine ýörite taýak bilen urýan oýny. Maksady garşydaş toparyň derwezesine topy salmak. Adatça polo oýuny

Töwekgelçilik

04.10.2024
Töwekgelçilik – bolup biläýjek, amatly däl ýagdaýlaryň sanlar bilen ölçäp boljak mümkinçiligi we onuň bilen bagly ýitgiler, zyýanlar, çykdajylar görnüşindäki netijeleri kesgitlemek mümkinçiligi, mysal

Garaşsyzlygymyzyň gazananlary

02.10.2024
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen diýarymyzyň ösüşli ýollary diňe bir beýleki ugurlarda däl, eýsem nebit we gaz pudagynda hem görülip- eşidilmedik derejeleri ýetdi. Çünki halkymyzyň
GitTop