“Altynjan hatyn” romany XI asyrda beýik şadöwlet döreden, adalaty, yslamy goramakda Gündogarda dabarasy dag aşan Togrul beg hem onuň ýakynlary hakda söhbet açýar.
Altynjan hatyn Togrul begiň hatynydyr. Awtor Altynjanyň durmuş ýolunyň, başdan geçirmeleriniň üsti bilen Togrul begiň hem onuň ýakynlarynyň keşplerini açyp görkezýär.
Romanda dartgynly, adaty bolmadyk wakalar teswirlenýär. Şol wakalar gahrymanlaryň keşplerini has inçeden açyp görkezmäge hyzmat edýär. Romandaky dartgynly wakalar göz öňüňde janlanýar, seni özüne bendi eýleýär. Gahrymanlaryň başdangeçirmeleri, beýik gahrymançylyklary hakda okap, ilkinji gezek edebi dolanyşyga giren birgiden taryhy maglumatlar bilen tanyşýarsyň, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly, gahrymançylykly taryhynyň bolandygyna, onda merdana pederlerimiziň öçmejek yz galdyrandygyna guwanýarsyň, romandaky taryhy şahsyýetleriň belent ahlaklylygy, deňsiztaýsyz gaýduwsyzlygy, mertligi, wepalylygy türkmendigiňe buýsanjyňy goşalandyrýar, şeýle ajaýyp şahsyýetler durmuşyňa nurmany çaýýar.
Osman Ödäýew
Kitaby Ýükläp almak üçin