Dolandyryş hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy, üýtgedilmegi we togtadylmagybarada aýdylanda, onda ilki bilen dolandyryş hukuk gatnaşyklarynyň, obýekti barada aýdylmalydyr. Dolandyryş hukuk gatnaşyklarynyň obýketi näme diýlendeonda biz ony adamlaryň özüni alyp barşyny, olaryň hereketlerini göz öňünde tutmalydyrys. Nämäniň esasynda hukuk gatnaşyklary ýüze çykýar diýlende, onda biz ýuridiki fakty (esasy) göz öňünde tutýarys, ol bolsa öz gezeginde hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmaklygyna doly esas bolup bilýändir.
Ýuridiki faktyň iki sany aňlatmasy bolup, onuň birine hereket, ikinji birine bolsa hadysa (waka) diýilýär.
Hereket barada aýdylanda, onda ol hukuga laýyk gelýän we oňa ters gelýän hereketlerden ybaratdyr. Mysal üçin, kanuny edilen hereket talaba laýyk gelýän hereket bolup, dolandyryş etmişi bolsa hukugy ters gelýän hereket bolup hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmaklygyna esas bolup bilýärler.
Beýleki bir ýagdaýda dolandyryş hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmaklygynda waka hem esas bolup bilýändir. Mysal üçin, tebigy betbagtçylyk zerarlyadamlaryň emläklerine(jaýyna, beýleki zatlaryna)zyýan ýeten bolsa we ol emläkler öz wagtynda döwlet ätiýaçlygy edaralary tarapyndan resmileşdirilen we olar üçin bellenen töleglertölenen bolsa, onda ätiýaçlyk edaralary çekilen zyýany tölemäge borçludyrlar.
Ýöne ýene bir zady bellemek zerurdyr, ýagny haçanda dolandyryş hukuk gatnaşyklary hereketiň üsti bilen ýüze çykan mahalynda, onda olar adamyň aň-düşünjesine bagly bolýarlar, sebäbi adam kanuna ters ýa-da kanuna laýyk gelýän hereketi etse-de aňlap, düşünip edýär.
Nurmuhammet ABAÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby