Aşgabat dost- doganlyk mekany

09.10.2024

Bu günki gün ýurdumyzda geçirilýän sammit boýunça dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlar biziň Garaşsyz diýarymyzyň ösüş aýratynlyklayrnyň biri bolupň durýar. Elbetde dürli ýurtlaryň dostana gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde birnäçe döwletleriň döwlet ýolbaşçylarynyň gelmegi bolsa, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, gurluşyk harytlarynyň biziň ýurdumyzda hem Garaşsyzlyk ýyllarynda öndürilip başlamasy ilkinji nobatda halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda edilýän işleriň üstünlikli amala aşyrylmasyna getirdi.

Häzirki zaman amatlyklary bolan gurluşyk  binalary we iň ajaýyp, innowasiýon desgalar bilen kämilleşdiriljek şäher bolan  jadyly keşbi häzirki döwürde gurluşyň iň oňyn nusgasyna öwrüldi.  Elbetde täze gurulýan şäherlerimizde ýaş nesillerimiz  Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşlary gelejegiň ösen ykdysady üpjünçiliginiň, halkymyzy bol- elin ýaşatmagyň düzgünlerine itermek maksady bilen geçiurilýän bu okuw maksatnamasy bolsa, gelejegi öňünden gündelik durmuşyna salan okuw- terbiýe mekdebidir. Bu günki gün dünýäniň çar ýanynda arhitektura gurluşy boýunça sazlaşýan binagärlik sungatynyň gelejekde taryhy has çuň öwrenilip, arasyndaky ynandyryjy güýçleriň arasynda ýaşaýan adamlaryň salan binagärlik arhitektura ýadygärlikleri hakynda sanawa girýän siwilizasiýon merkezleriniň biridigini subut etdi.

Ýuneskonyň maddy däl ruhy medenýetleriniň sanawyny köpeldýän Marguş medeniýetiniň dünýäniň siwilizasiýasy bilen häzirki günde bilelikde öwrenilmesi hem bu bolup geçýän taryhy synlaryň esasy dolandyryjy bölegiň ýaşan ýerleriniň aýratyn arhitektura gurluşy haklynda aýdanyňda hem onuň özboluşly aýratyn;lyklary hakynda aýtmak bilen birlikde dünýä siwilizasiýasy bilen birlikde esasy bir- birini doldurýandygyny ylym subut etdi.Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu günler Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem- de şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary bolan syýasy forumlar hem-de maslahatlar geçirilýär. Ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly gahryman Serdarymyz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen güýjelýär.

Biziň ýurdumyzyň Halkara derejesini almagy, şeýle- de Bitaraplyk derejesi bilen dünýä tanalmagy bolsa, halk bähbitli işlerde Hormatly Prezidentimiziň badalgalary bilen amala aşyrylmagy esasynda ýüze çykýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilen Rezolýusiýany makullamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň Döwletimiz üçin edýän aladalarynyň mysaly boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada Rezolýusiýa kabul etmegi Garaşsyz ýurdumyzyň Bitarap bolmagynda dabaraly ädim boldy.

Bu günki günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi bolsa, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetlidir. Türkmen halkynyň bagtyýar gelejegi üçin Halkara giňişlikde abraý alýan watanymyzyň toý- baýramlary täze öwüşginde şatlyk- dabara beslenýär.

 Çingiz Aýtmatowyň şu ýyl 95 ýaş ýubileýiniň bellenilmegi Gündogar halklarynyň ýazyja bolan hormatynyň hemişelikdigini ýene bir gezek subut etdi. Ýazyjynyň döredijiligi Orta Aziýa sebitinde ýaşaýan gündogar halklarynyň ruhy mirasyna hem-de olaryň adamzat gymmatlygyna sarpa goýýan medeniýetine goşan goşandy bilen aýratyn ähmiýete eýedir. Gazak ýazyjysy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň hut Aşgabatda açylmagy we mundan başga-da Magtygmuly seýilgähinde nijeme daşary ýurtly ýazyjy- şahyrlaryň ýadygärlikleriniň açylmagy bolsa, Garaşsyz döwletimiziň goýnunda ýaşaýan dostluk söýüji döwletimiziň barydgyny , bu günki gün geçirilýän forumlaryň bolsa, hut şu nukdaýnazardan alanyňda dünýäniň çar künjünden uzaýan gollar bilen ýokary derejä ýetjekdigini alamatlandyrýar.Munuň özi Aşgabatda geçýän forumyň gymmatyny artdyrýar. Birnäçe döwletleriň döwlet ýolbaşçylarynyň gelmegi ýurdumyzyň halkara abraýnyň mundna beýälk-de artandygyny alamatlandyrýar.  Gyzgyzystanyň hem-de Gazagystanyň ýazyjysy bolan Çingiz Aýtmatow beýik watançylyk urşy ýyllarynda gyrgyz neşirinde özüniň birnäçe eserleri bilen çykyş edip, halklaryň nijemesiniň ruhuny galkyndyran, şeýle-de öz ömrüniň agramly bölegini döredijilige, edebiýata bagyşlamak bilen ýer ýüzünde beýik diplomat- ýazyjynyň bu günki gün biziň aramyzda zerurlygy duýulýar. Biziň bagtyýar zamanamyzda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä edebiýatyna goýýan beýik sarpasynyň subutnamasydyr.

Logistik yzarlama her bir taraplaýyn amala aşyrylanda sanly dünýägaraýşyň ugurlary bilen bir- biregiň edýän işinden ugur alma we ýurda getirjek bähbitleri bilen çözgüdiň ýurdumyzda halk bähbitli işleri ýola goýmakda döredýän mümkinçilikleridir.Sanly çözgüdiň ýurdumyzyň ähli ulgamlary barada ösüşler gazanmagyna getirmegi bu günki gün Türkmenistanda ösüşleriň serhetsizdiginiň ýene-de bir gezek subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragyna goýýan sarpasyna esaslanyp, 2024 – nji ýyly “Änew şäheri- türki halklarynyň medeni paýtagty”diýip, yglan edildi. Munuň özi Gahryman  Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem- de ony ýaş nesillerimize miras goýmak üsti bilen uzak günorta ýa – da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler, şeýle – de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler. topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi. Garaşsyzlygyň bize beren miwesidir.Suw adamlaryň durmuşynda iň esasy zatlaryň biri bolup,adamlar küýzeleredir, gap- gaçlara onuň şekilini geçiripdirler.

Türkmen halky bagtyýar zamananyň eýesi boldy. Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri ýurdumyzda türkmen milliliginiň gaýdyp gelmegi, halkyň öz milli däp- dessuryna eýe bolmagy, şeýle- de giň ýaýlalarda türkmen dutarynyň owazynyň erkin ýaýylmagy – bularyň hemmesi milliligimiziň gazananlarydyr. Türkmen toýunda desterhan giňden ýazylýar. Bu bolsa işleriň ýokary ekologik  ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Liderine şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň, şol sanda Çeper halyçylyk kärhanasynyň taslamalary görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň binagärlik ösüşleriň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki gün Aşgabat maslahatlaryň hem-de forumlaryň mekanyna öwrüldi. Ykdysady, syýasy hem-de ýokary derejeli forumlaryň geçirilmegi bilen Aşgabada nijeme myhmanlaryň gelmegi bu günki gün ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryň biziň ýurdumyz üçin nähili wajypdyrygyny subut etdi.

Bu günki gün halkymyzyň ýaşaýyş şertlerinde düýpli täzelikleriň bolup geçäýndigini, ýagny jaý üpjünçilik babatynda edilýän işleriň üstünlikli amala aşmasynda öz ýerli gurluşyk kärhanalarymyzyň hem işiniň ýokarydygy bu günki gün buýsandyrýar. Döwlet tarapyndan raýatlara gurup berilýän jaýlar birinji derejeli öý goşlary bilen üpjün edilýär. Şeýlelikde binalaryň, sport saglyk amksatly binalaryň döredilmegi bolsa, häzirki zaman arhitekturasynyň innowasiýalaşmagynda uly işleriň ediländiginiň subutnamasydyr.

Bu merkezde ilkinji nobatda birnäçe gatly jaýalryň gurulýandygy bilen bagly, oalryň daşlaryndaky landşaft meýdançalarynyň ýokary hilliligini gazanmak we ol ýerde körpeleriň rahat oýnamaklary , wagtlaryny geçirmekleri üçin salnan çagalar meýdançalary, oýun meýdançalaryndan daşary sport meýdançalary bolsa, bu ugurda edilen işleriň halk bähbitlidigini ýene bir gezek subut edýär.

Ogulsabyr MYRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:07 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Dolandyryş hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmagynyň, üýtgemeginiň we togtamagynyň esaslary

Next Story

Magtymguly Pyragynyň filosofiki pikirleri

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop