Ildeşlerimiziñ synmaz ruhuny hatyralamak asylly däpleriñ biri

06.10.2024

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde hem-de ähli taryhy uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerimizi hasrat bilen ýatlaýar. Watan gahrymanlaryna goýulýan şeýle hormat-sylag ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Merdana pederlerimiziň hiç haçan öçmejek şöhratynyň, gahrymançylygynyň we edermenliginiň hatyrasyna bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy biziň her birimiz üçin mukaddes ýere öwrüldi.

Ýadygärlikler toplumy geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmen halkynyň täze nesline ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär.   Bu ýerde Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym» ýadygärligi, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, halklaryň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri ýerleşýär. Bu ýadygärlikler toplumy biz ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup, edepli, gaýratly, dogumly, öňdengörüji ýaşlar bolup ýetişmegimizde uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň synmaz ruhlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygyna we deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna hormat goýlup, aýat-töwirler edilýär. Merdana pederlerimiziň şöhratly zähmet ýoly we edermenligi bu gün biziň gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bagtyýar ýaşamagymyzyň we geljege ynamly garamagymyzyň girewi bolup durýar.

Ata Watanymyz we mähriban halkymyz üçin göreşen milli gahrymanlarymyzy, edermen ata-babalarymyzy, wepat bolanlary hatyralamak bolsa, türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir. Pederlerimiziň edep-terbiýe jähetdenem, adamkärçilik babatda hem ähli zady üns merkezinde saklaýandygynyň şaýadydyr. Sebäbi milli gahrymanlary, mertleri, şehitleri hatyralamak ynsanyň köňül köşgüniň beýikliginden nyşandyr.

Bu ýaş nesilleriň terbiýesine hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem biz öz ezizlerimizi, gahrymanlarymyzy, şehitlerimizi ýatlap, her ýylyň tylla güýzünde olary döwlet derejesinde hatyralaýarys.

Biz ata-babalarymyzyň arzuwlap giden zamanasynda ýaşaýarys. Şol sebäpli-de biziň özümiz hem pederlerimiz üçin, bu arzyly günleriň gadyr-gymmatyny bilip, Watanymyza, il-günümize jan aýaman hyzmat etmelidiris.

Biziň şeýle ajaýyp günleri görmegimiz, parahat durmuşda ýaşamagymyz üçin olar, gör, nije arzuwlar edipdiler, gör, nije kynçylyklara döz gelipdiler. Olar şeýle edermenligi hem-de gaýduwsyzlygy öz beýik aslynyň ruhundan, geljekki ajaýyp günleriň ynamyndan susup alypdylar.

 Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar Watanyñ daýanjy ” atly kitabynda: «Watan – adamzat ömrüniñ manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyñ nazary siñen ata Watan  her bir ynsanyñ kalbynda ebedi ýaşaýar!» diýip, eziz Diýarymyzyň başymyzyň täjidigini, gymmatly baýlykdygyny, oňa hyzmat etmegiň bagtdygyny pähimdarlyk bilen nygtaýar. Hakykatdanam, her bir türkmen perzendiniň kalbynda Watan iň bir mukaddes düşünje hökmünde kemala gelendir. Belki-de, hut şol sebäpli, biziň pederlerimiz şeýle mert, gaýduwsyz, nusgalyk duýgy-düşünjeleri özlerinde hem-de perzentlerinde terbiýeläp bilendirler.

 Il-ýurduna şeýle buýsandyryjy pursatlary bagyş edýän, beýik geçmişimizi, ata-babalarymyzy hatyralap, bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna eýerip, Hatyra güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde berilýän sadakalar, okalýan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk, baky bagtyýarlyk höküm sürsün!

Altybaý AGYLBAÝEW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:43 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 16°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1024 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Watan habarlary 05.10.2024

Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly
GitTop