PÄHIM-PAÝHAS OÝNY

11.01.2024

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş küştçülerimiziň köp sanlysy halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolup, ägirt uly gadamlar bilen öňe barýarlar. Ýaş ýetginjekler küşt bilen çagalykdan meşgullanyp, uly üstünlige ýetýärler. Küşt bilen meşgul bolmak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap küşt mekdepleri we merkezler ýaşlaryň hyzmatynda.

Küşt takmynan, 2000 ýyl ozal Hindistanda döreýär. Şol wagt oýnuň ady çaturanga bolupdyr. Onda diňe 4 sany mal —perzi (wezir), ruh, at we pil bar eken. Hindistandan küşt bütin Gündogar we Merkezi Aziýa, V asyryň soňunda we VI asyryň başynda bolsa Eýrana ýaýraýar. Bu ýerde oýun uly meşhurlyga eýe bolýar. VII asyrda bolsa bu oýun bilen araplar hem tanyş bolýarlar. Olar bu oýny “şatranj” diýip atlandyrypdyrlar. Araplar küşt oýnuny IX-X asyrlarda has kämilleşdirýärler. Şol döwürde küşt hakynda ylmy kitaplar peýda bolup başlaýar. Şeýle meşhur kitaplaryň biri Adlynyň, Sulynyň we beýlekileriň küşt göçümlerinden ybarat bolan “Sadranç kitabydyr”. XIX asyryň ikinji ýarymynda küşt ýaryşlarynda sagat ulanylyp başlanýar. Başda munuň üçin çäge sagadyny ulanypdyrlar, emma bu amatsyz bolupdyr. Şondan soň az wagt geçmänkä, iňlis küşt-söýüjisi Tomas Braýt Wilson ýörite küşt sagadyny oýlap tapýar.

Küşt – örän täsin we gyzykly oýun. Ol ynsan aňyny, akyl ýetirişini ösdürýär. Adam küşdi oýnasa onda onuň ýatkeşligi we pikirleniş ukyby gowulanýar. Eger-de küşt bilen yzygider meşgullansaň, ünslilik ukybyň artýar.

IX asyrda dünýäniň resmi däl iň güýçli küştçüsi hasap edilen Ebu Bekir Muhammet As-Suly Dehistanda – häzirki Balkan welaýatynda ýaşapdyr. Ol ady belli ilkinji küştçüsi bolup, Türkmenistanyň küşt taryhynda uly yz galdyran şahsyýetdir. Onuň ýadygärligi häzirki wagtda “Ylham” seýilgähinde görnükli taryhy şahsyýetleriň hataryny bezäp dur.

Häzirki wagtda küşt dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bildirilýän sportuň görnüşleriniň biridir. Bütindünýä küşt federasiýasynyň teklibi bilen 1966-njy ýyldan bäri her ýylyň 20-nji iýulynda Halkara küşt güni bellenilip geçilýär.

Küşt ýurdumyzda 2017-nji ýylda giň gerimde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndan hem aýratyn orun alýar. Şunuň bilen baglylykda, türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda erjellik görkezip, tejribe artdyrýarlar. Bu bolsa türkmen küşdüniň kämil mekdebiniň kemala gelmeginde möhüm ädimdir.

Bu gün hem Aşgabat şäherininde ýerleşýän “Küşt we şaşka” mekdebinde  400 sany ýaş küştçi Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda bäsleşdi 

9 ýaşa çenli küştçi oglanlaryň arasynda, I oruny Maksat Öwlýägulyýew (Lebap) mümkin bolan 9 oyundan 8 utuk

11 ýaşa çenli küştçi oglanlaryň arasynda, I oruny Alihan Batyrow (Mary) mümkin bolan 9 oyundan 8,5 utuk

15 ýaşa çenli küştçi oglanlaryň arasynda, I oruny Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap) mümkin bolan 9 oyundan 8,5 utuk – gazandylar we özleriniň ussatlygyny görkezdiler.

Halkara derejeli ýaryşlarda ýaş küştçilerimiz yzygiderli gatnaşmak bilen Watanymyza baýrakly medallar bilen dolanýarlar we olar bu ugurda öz ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Ähli döredilýän mümkinçilikler üçin, hormatly Prezidentimize köp-köp sag bolsun aýtýarys.

Serdar ALLAÝAROW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:06 am, Nov 23, 2024
temperature icon 10°C
облачно с прояснениями
Humidity 76 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝÖRELGELERI

Next Story

7 AÝRATYNLYK

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop