“ Soranmyş bir ene şahyra bakyp,
Dünýäniň durky nä aýdyp bersene?…”
Kerim şahyr bu setirleri nähili wagty ýazdyka? Ýa ol hem beýik eserini döretmek üçin ýekelige “ýesir düşdümikä?”.Türkmen enesiniň keşbi “Aýgytly ädim filmindäki”Aýnanyň keşbinde,türkmen enesi türkmen filmlerinde,aýdym-sazlarynda,spektakllarda,ine ertir türkmen enesi meniňem kendirimde janlanyp başlamaly .Onda-da nähili janlanmaly. Eýsem “dünýäň sallançagynyň bagy enäniň elinde dälmi?” näme?Howa türkmen enesiniň hamrak ýüregini duýmak üçin oňa diň salmany başarmaly. Nury Halmämmet özüniň “Hüwdi ‘atly sazyny ýazanda şeýle hasraty çeken ýaly. Sallançak. Oguz boýlarynyň ýaýran ýeri meni ýene-de geçmiş taryhyna itekledi. Göwnüme oguz boýlarynyň oturymly ýerlerinden akyp gaýdan bu parahat ,giden giňişligi tutup,akyp oturan derýalar Nury Halmämmediň sazyny çalyp berýän ýaly .Hüwdisi ýok halk ýokdur, ýöne şoňa türkmen ýaly has beýik baha berşi ýaly belentligi başgaçadyr.Elbetde ony her bir halkyň öz döredijisi aýdyp biler.Perzendiň watan söýüji bolup kemala gelmeginde ene hüwdisiniň beýik orny bardygyna men ynanýaryn.Elbetde,hüwdileri ýöne ýere aýtmandyrlar.Olary çaga şol barada oýlansyn,enesiniň ýüregini syzsyn,diýip,ýerine ýetiripdirler,hem-de enäniň perzende bolan söýgüsiniň hüwdi ýoly bilen geçmeginde-de türkmeniň agraslygy ýatyr.Türkmen çagasynyň ýüzüne seredip,suwjaryp,söýgüli söz aýdyp ýören millet däl-ä aslynda-da.Ol çagasyna bolan söýgüsini agraslygynyň,edebiň üsti bilen geçirýär.Megerem “Çaga eziz ,edebi ondan hem eziz”-diýen nakyl diňe türkmende bar bolsa gerek.Umuman eser dörände- de şonuň ýaly. Agraslyk bilen öz edýän işiňe çemeleşmeli.Türkmen enesiniň hamraklygyny hiç bir zat bilen deňär ýaly däl. Onuň hamraklygy türkmen ganyndandyr.Türkmen enesiniň keşbini sungata geçirmek bolsa, elbetde bagtdyr.Ynsan duýgulary , agysy , şatlygy sungata , edebiýata geçeninde ol başgaça bolýar. Ynsan ýylgyryşy, gynanjy elbetde dürli- dürli bolýar. Ynsanlaryň başdan geçirýän wakalaryna görä berýän gaýtawuly elbetde geň- täsin. Çünki şol gaýtawulyň netijesinde ynsanlaryň köplenç ýagdaýda düşen ýagdaýyna, halyna hem- de onuň özüne täsirine reaksiýa bermese bolsa, düşnüklidir. Haçanda adam bir zady başdan geçirýän bolsa, hat- da başdan geçirmeýän wagtynda hem hakyda işleýär. Ol ynsanyň içki ahwalyny açyp görkezýär.Ynsanyň emosiýlary- ýagny duýgulary dürli- dürli ýagdaýlarda üýtgäp bilýär. Olaryň ýagdaýyna görä hem daş- töwerekdäki adamalryň hem emosiýalary üýtgeýär. Şeýlelikde emosional ýagdaýlaryň düzümi emele gelýär. Bir wakynyň beýleki bir waka bilen çatylgy bolşy ýaly, emosiýalar hem bir- birini dolandyryp, bir- biri bilen baglanyşyp we bir- biri bilen gatnaşykda bolup bilýärler.Hereketleriň, sesiň, gözüň , gaşyň, ädimleriň, iş edişiň üsti bieln emosiýalary ýokary derejede synlamak mümkinçiligi bardyr. Çünki emosiona ýagdaýlaryň netijesinde adam dürli ýagdaýa görä üýtgäp hem biler.Bu günler ýurdumyzda halkara derejesindäki medeniýet günleriniň bellenilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadgly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejsinde geçirýän sammiti esasynda edebiýatda , saz äleminde , ähli sungatlarda yz goýan keşpler hala şahyr, hala ene bu günki gün olara ýurdumyzda hormat goýulmagy bolsa, bahasyna ýetip bolmajak derejedir.Elbetde her bir halkyň öz ruhy gymmatlyklary bolýar. Türkmen okyjylary gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň döredijiligi bilen elbetde tanyşdyrlar. “Jemile”, “Boraganly ýarym duralga”, “Asyrdan hem uzaga çeken gün” , “Elwan ýaglykly serwim” ýaly eserleri bilen türkmen okyjysynyň ýüregine ýol salan ýazyjy bu günki gün diňe bir bir halkyň däl, eýsem bütün Aziýanyň, has- da dünýäniň, esasan türki dilli halklarynyň söýgüsini gazanan hem bolsa, rus diline ähli eserleri diýen ýaly hem terjime edilendir. Ondan başga hem eserleri dünýäniň köp diline terjime edilen ýazyjydyr. Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Çingiz Törekulowiç Aýtmatow Gyrgyzystanyň Kirow etrabynyň Şeker obasynda 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda eneden dogulýar. Ýedi ýyllyk mekdebi gutarandan soň ol Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda oba geňeşiniň sekretary we etrap maliýe bölüminiň salgyt boýunça işgäri bolup işleýär.Işlän ýyllarynda ýazyjy oba durmuşyny kalbyna siňdirip, gelejege taýýarlanýar. 1947-nji ýylda Çimkent şäherinde tehnikumda okaýar. Ýaşlygy eýýäm ynsanlaryň durmuş meselesi bilen utgaşyp, her dürli wakalaryň içinde ýaşan ýazyjynyň eserlerine çuňlaşmaga mümkinçilik berýändigi ýaş döwri başdan geçiren wakalary bilen gönüden – göni baglydyr. Çagalygyndan mekdep okuwçylarynyň içinde , dürli dilleriň wekilleri bilen birlikde okamagy bolsa, dile bolan söýgüsini artdyrýar.Ol ýerde okan döwründe ol gyrgyz, gazak dillerinde çykan kitaplary ürç edip okaýar. Aýratyn hem şol döwürde Muhtar Auezowyň “Abaý” romany onda güýçli täsir galdyrýär. Çingiz Aýtmatowyň döredijiliginde esasy orun tutýan zadyň oba durmuşydygy onuň soň- soňlar, gelejekde durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak romanlaryň awtory bolmasyna esasy kerpiji goýmaga başlaýar. Çingiz Aýtmatow eserlerini rus we gyrgyz dillerinde ýazýar. Türkmen edebiýatyna, türkmen filmlerine hem şu günki günler öz täsirini ýetiripbilen ýazyjy adamzat gymmatlyklarynyň inçe hazynasy bolan ýürekde galan mukaddesliklerden söz açýan eserleri bilen täsirini ýetirýär. Çünki gündogar halklarynyň ählisine mahsus bolan meseleler bolsa, bu ägirt uly ýazyjynyň esasy gozgaýan meseleleri bolup, biziň şu günki günümizde hem wajyplygyny ýitirmeýär. Ol ilkinji hekaýalaryndan başlap, adamyň içki, ruhy dünýäsini açyp görkezmäge ýykgyn edýär. Ýazyjynyň geçen asyryň ellinji ýyllarynda döreden “Aşim”, “Kyn geçelge” ýaly hekaýalarynda ynsan durmuşynyň dürli meseleleri suratlandyrylýar. 1958-nji ýylda Çingiz Aýtmatow Moskwada A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat inistitutynyň ýokary edebiýat bölümini gutarýar. Ýazyjynyň köp okamagy we ýiti meseleleri gozgaýan çeper eserleri ýazmak üçin edýän tagallalary ýerine düşýär. Resmi maglumatlara görä, Çingiz Aýtmatow dünýäde iň ürç edilip okalýan ýazyjydyr. Onuň her bir eseri çeper açyşdyr. Şol açyş soňky döredilen “Jemileden” başlanyp, şondan soňky döredilen “Ilkinji mugallym”, “Ýüzbe-ýüz”, “Ene toprak”, “Düýegöz”, “Elwan ýaglykly serwim”, “Hoş gal, Gülsary”, “Ak gämi”, “Irki kämillik” hem- de beýleki eserleri dünýä meşhur eserlerdir.
Çingiz Aýtmatowyň eserleri adamlary wyždan päkligine, ynsanperwerlige, umuman, ruhy sagdynlyga çagyrýar. Ynsan tebigatyna has ýakynlaşmagy bolsa, onuň asyrlar boýy undulmajak hem- de hemişe ýüze çykjak tema boljakdygy bilen düşündirilýär. Ynsan tebigaty goramaly, sebäbi ol onuň ýaşaýşyny iýmitlendirýän çeşme. Ony diňe goramak bilen çäklenmän, onuň gülläp ösmegi üçin öz goşandyňy goşmaly. Onuň baýlygyny, tokaýlaryny, haýwanat dünýäsini goramalydygy baradaky pikirler Aýtmatowyň hekaýalarynda, powestlerinde yzygiderli nygtalýar.Türkmen sahnasynda ýazyjynyň eserleriniň köpüsi sahnalaşdyrylandyr. 2018-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň 90 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçildi. Ol dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserleri bilen umumy türki gymmatlyklaryny bütin dünýä tanatmagy başaran ýazyjydyr. Onuň kitaplary dünýäniň 176 diline terjime edildi. Hut şoňa görä- de, meşhur ýazyjynyň ençeme eserleriniň wakalary boýunça kinofilmler, sahna eserleri döredilip, talapkär tomaşaçylara hödürlendi. Edebiýat ylmynda ýagty ýol goýan ýazyjynyň eserleri undulmazdyr.
Altygeldi Hojaberdiýew
Döwletmämmet Azady adyndaky
türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby