Şahyra hormat

09.10.2024

Ýurdumyzda şu günler geçirilýän halkara sammitiň türkmeniň nusgawy edebiýatynyň beýik wekili Magtymguly Pyraga bagyşlanmagy türkmen dünýäsiniň ýokary göterilmeginde ösüşlere badalga bolan ýurdumyzda dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlary haýrana goýýar. Bu günki gün ýurdumyzda döwlet ýolbaşçylarynyň hem-de birnäçe dostana ýurtlaryň bilelikde geçiriljek sammitinde Magtymguly ýaly beýik şahyryň ruhy dünýäsine sejde edilmegi bolsa, bizi buýsanç bilen bakmaga ilgezik edýär. Her bir halkyň milli  ruhynyň hazynasynyň açary, onuň dilinde, edebiýatynda, däp- dessurynda, dünýägaraýşynda we geýim-gejimindedir. Aslynda adamzat  taryhynda diliň täsiri,onuň belli bir halky kemala getirmekdäki orny, onuň şol halkyň ruhy medeniýetini nesillere geçirmekdäki güýji diýseň ýokarydyr. Türkmeniň milli şahyry, filosofi we beýik akyldary Magtymguly Pyragy (1780-1733) takmynan 150 ýyl bäri dünýäniň alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Onuň goşgulary hem öz şahsyýetiniň dürli taraplary belli derejede öwrenildi hem-de dürli garaýyşlar bilen oňa baha berildi. Onuň goşgularynyň gaty köptaraplylygyny göz öňünde tutmak bilen, gündogary öwreniji Bertels Pyragynyň diwanyny tutuş dünýäni özünde görkezýän, ertekilerdäki Jemşidiň jamyna meňzetdi.  Magtymgulynyň içki dünýäsini öwrenmek örän uly hem yzygiderli işi talap edýär.Her bir halkyň diliniň taryhynyň aýratyn öwrenilmesi- de hut şu sebäpli amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä , adamzat gymmatlyklarynyň açarydyr. Çünki ol älemiň iň näzik şekilde poeziýada şöhlelenmesini gazanypdyr we bu deňsiz- taýsyz aýdyp bilmesi bilen şu günki gün iň bir syrly şahyr hem- de şahsyýet hökmünde biziň öňümizde açylýar.

Türkmen edebiýatynyň wekili asyrlar boýy öwrenilse-de häzire çenli poeziýasy jedelli we gyzykly şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz guwanjydyr, buýsanjydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salmak bilen ol bu günki gün adamzadyň iň iri global meselelerine öz asyrynda näme diýipdir?

Ol belki- de galaktikalar, älem syrlary baradaky pikirleri ýönekeýleşdirip aýdandyr? Ýa- da belki- de ol adamlara özi babatynda däl- de adamzat gurluşynyň taýsyz hazynasy barada

Onuň poeziýasy, şygryýeti älemiň ähli barlygyna galtaşýar. Ol bir görseň, ýyldyzlar bilen, bir görseň, pyntyklar bilen, bir görseň, dünýäniň suwlaryny ölçäp oturandyr, bir görseň aýyň ýagtylygyň tizliginden habardardyr. Ynsan dünýäsinde ýerleşýän ähli öýjükleriň älem birlikleridigini subut edişi bolsa, has çuň ylymlardan, asyrlar boýy gizlin saklanan ylymlardan habar berýär. Şol sebäpli- de onuň älemindäki setirleriň birnäçesini açmaga synanyşalyň!

Älem gurluşyny poeziýada janlandyrmak, onuň açylmadyk perdelerinden jyklap görüp, öz nukdaýnazaryň bilen ony görendigiňi beýan etmek, şol arşy- aglaýa, ýedi gat ýere, ýedi gat asmana, on sekiz müň äleme- “Saklan biraz suratyňy alaýyn!”- diýmek üçin, ony poeziýanyň bagjyklary bilen pikir çugdamlygyna salmak üçin- elbetde Magtymguly bolmaly.Halkyň ösen ruhy germewini kemala getirmek üçin şol halkyň wekilleri, şol halkyň döwleti nesillerini okadýar, medeniýetini öwredýär, ony esasan hem dil medeniýetiniň üsti bilen kemala getirýär. Elbetde, halkyň ösen medeniýetini gazanmak bir başga, onuň taryhyny ýygnamak, ony gelejege äkitmek sungaty welin düýbünden başga zat. Şonuň üçin hem paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet arhiwiniň bosagasyndan baryp her bir adam öz medeniýetiniň hem-de sungatynyň geçmişi bilen tanyşmak islese, ýene-de bu işi öz ene diliniň üsti bilen amala aşyrýar.

Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şygryýet ýa- da edebiýat däl- de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, dolanyp, dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Adam bu älem barlygynyň içinde diňe bir kiçijik nokat. Ol barlygy iňňäniň gözünden geçirip, onuň göwresiniň ululygyny göz öňüne tutmak däl- de ol göwredäki jany göz öňüne tutmak has wajyp.  Köňül yşygynyň ýanynda beýleki barlyklaryň hiç bir güýjüniň ýoklugy, köňül bolmasa, başga zatlardan asla dirilik gözlemeli däldigini subut edýän mysallar köp, oňa ýüzlenip otursaň.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakykatdan hem adamzat gymmatlyklaryny düzýän, ruhuň iň kämil törlerine barmaga mümkinçilik tapýan, akyllar ermeýän, köňüller görmeýän dünýä gudratlarynyň açaryny gözlemekde gözlegde öňünden geçmejek gudratly hazynadyr.Her bir şahsyýetiň älem syrlaryny bir ara getirip, şol syrlar içinde täze bir ýol arçamasy , ýörelmedik ýola tarap, yşyk göndermesi ýaly bir zat bolup görünýär, şähyryň döredijiligi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy hakynda söz açmak diýmek, türkmen halkynyň diliniň köpdürliliginden söz açmak diýmekdir.

Türkmen halkynyň sözleýiş medeniýetiniň, onuň  taryhynyň çeşmeleri, gelip çykyşy we dünýäniň dillerinden şahalanyp aýrylyşy hakda gürrüň açylanda türkmen diliniň iň gadymy dilleriň biridir diýsek, hakykatdan  daş düşmesek gerek.Türkmen edebiýatynyň wekili asyrlar boýy öwrenilse-de häzire çenli poeziýasy jedelli we gyzykly şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz guwanjydyr, buýsanjydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salmak bilen ol bu günki gün adamzadyň iň iri global meselelerine öz asyrynda näme diýipdir?

Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygynyň gözelligi we onuň düregeýligi barada dünýä alymlarynyň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri şelaýyn  galyba salmak, onuň akyl- düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala  aşyryp bolar diýen pikir- düşünje häli- häzire çenli bizi öz erkine goýmaýar. Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün Milli Liderimiz –Gahryman Arkadagymyz hem- de Hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek. Türkmeniň ösen medeniýetiniň, diliniň hem-de nusgawy hazynasynyň keşdeli köňlüni öwrenmek  elbetde, edebiýatçylaryň paýyna düşýär.  

Altyn SAKALOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:18 pm, Oct 18, 2024
temperature icon 32°C
ясно
Humidity 16 %
Pressure 1009 mb
Wind 10 mph
Wind Gust Wind Gust: 11 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:17 am
Sunset Sunset: 6:25 pm
Öňki taryh

Ynsan duýgusy

Next Story

Sagdynlyk  şygarymyz

Soňkylar Makalalar

Döwrebap döwüriň ýaňy

18.10.2024
Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmakda innowasiýalaryň täsirini görkezmäge mümkinçilik döredýär. Ykdysady bababatda hem edilýän işler nusgalykdyr. Türkmenistanda täze

Ösüşler mekany

18.10.2024
Türkmenistanda  «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda edýän

Türkmen binagärçiliginiň taryhy

17.10.2024
Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw,

Arkadag – şäheri ýaşlygyñ we güzelliğin şäheri

17.10.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşli menzilleriň rowana ýolundan  ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde
GitTop

Don't Miss