Çaga hüwdisiniň taryhy

11.10.2024

Allatagalanyň sopuçylykda giň ýaýran atlarynyň biri-de Huw ýa-da Hüwdür. Ýa huw zikirde ýa Alla, ýa Hak diýlip gaýtalanýar. Zikire mahsus bolan bu däbiň alamatlaryny türkmenleriň hüwdüsinde görmek bolýar. Alla, Alla-Alla, Alla (H)-Alla(H) bilen birlikde, Huw, Huwwa, Huwwa-Huwwa, huwwalamak, hüwdülemek kimin adalga öwrülen sözler aýal-gyzlaryň arasynda giň ýaýrady. Çaga ýatyrylandan soň wagtynda uklamasa, hüwdüleýän aýal-gyzlaryň “Alla bol” ýa-da “Huwwa-bol” diýýän pursatlary köp bolýar.

Çaganyň rahat ýatmagy, sagdyn ösmegi we terbiýe almagy üçin aýdylýan aýdymlarda (Hüwdüde) Allatagalanyň atlarynyň gaýtalanyp gelmeginiň çuň manysy bar we öz köklerini gadymy zikirden alyp gaýdýar. Şonuň üçinem Allanyň adynyň (Huw ýa-da Hüw) bu aýdymlaryň(Hüwdiniň) umumy adyndaornaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Gadymky Huw-Hüw diýlen aňlatma soňra türkmen halk döredijiliginde hüwdi görnüşinde aýratyn bir žanryň ady bolup galdy. Şeýlelikde, zikiriň adalgasy bolan hüwdi (Hüw diý) ýuwaş-ýuwaşdan täze görnüşe, mazmuna eýe bolýar.

Çagalary ýatyrmak ýa-da güýmemek üçin olary söýüp, sallançak ýanynda aýdylýan bentlere hüwdi diýilýär. Hüwdüler köplenç garry eneler, mamalar, çaganyň ejesi, gyz doganlary tarapyndan döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär.Hüwdiaýal-gyzlar tarapyndan pessaý heňde owaz bilen ýerine ýetirilýän aýdymjykdyr,ýaş çagany hüwdi bilen allalap ýatyrmakdyr, hüwdi bilen güýmemekdir. Hüwdüde perzende bolan söýgi ýaňlanýar.Olar ene mährinden döreýär we özbaşadk ýerine ýetirilýär.

Hüwdüler görnüşi taýyndan lälelere kybapdaş bolsalar-da, ýerine ýetiriliş we heňi taýyndan tapawutlanýar. Halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryýaly, hüwdüleriň hem temalarytaryhy şertler esasynda üýtgäp, özgerip durýar.

Hüwdüler sada mazmunda, ýönekeý dilde döredilip, her bir bendi gutarnykly many aňladýar.Ene hüwdüsinde sena häsiýeti bar. Eneler
perzentleriniň batyr, adamkärçilikli, çeper, bagtly bolmagyny arzuwlap, sena häsiýetli hüwdüleri aýdýarlar.

Suwhan JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:55 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Watan habarlary 10 10 2024

Next Story

Watan habarlary 11.10.2024

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop