Sanly söwda dükanlary

14.10.2024

Türkmenistan elektron söwda dükanlaryny ýola goýmakda  Sanlaşdyrma bolmazdan söwda ulgamynyň işini ýola goýmak mümkin däl, çünki sanlaşma esasynda dünýä bazaryna ýeňil görnüşde çykmak , şol esasynda ýokary derejeleri gazanmak , söwda toplumynyň işiniň netijelirini häzirki zaman gatnaşyklary bilen sazlaşdyrmak ýaly üstünliklere getirip biler.  häzriki zaman dünýäsini hat-da göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Ýurdumyzda her ýyl söwda dükanlarynyň müňlerçesi açylýar we elektron hyzmatlaryň öýjügi , ýagny penjiresi bolan söwda dükanlary bolsa, bu ugurda söwda ykdysady gatnaşykalryň ýola goýulmagyny gazanmakda edilýän işlere döredijilikli çemeleşilendigini alamatlandyrýar. Dürli onlaýyn dükanlaryň işlemegi ilkinji nobatda adamalry we halkalry bir- biri bilen has ýakyndan ysnyşdyrsa, ikinjiden bolsa, halkara ähmiýetli işlerde hem hukuk derejesini gazanan söwda platformalarynyň , söwda sergileriniň geçirilmegi b, bu bolsa, ýokary derejeli üstünlikleri gazanmakda ykdysady gatnaşykalryň ýola goýulan kämil ugrunyň alamatydygyny subut edýär. Söwda toplumynyň ýurudmyzyň yskdysadyýetini ýola goýmakda ýeterlik işlerini kämilleşdirýändigini bolsa, elektron söwda penjireleriniň gözbaşynda Ykdysady mmükinçiliklere, ýaş telekeçilere ýurdumyzda giňden ýardam berilýändigini alamatlandyrýar.Hem-de  onlaýyn medeni görnüşleriň üsti bilen hem ýaşlar dünýä çykmaga hukuk gazandylar.

Munuň özi ýaşlaryň başarnyklarynyň ýokarydygyndan habar berýär.  Şol sebäpli hem diňe bilim ýa beýleki ugurlar däl, ykdysady ugur boýunça hem sanlaşdyrylmagyň täzelikleri ýaşlary döwrebaplaşdyrmakda oňyn netije görkezýär.Netijede dürli ugurlar boýunça sanlaşýan dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegi hem-de şu günki gün döwrebap tehnologiýalar bilen bagly işleriň alnyp abrylmagy ösüşleri ezberleýän ýaş nesliň ugurlary sanlaşdyrmak ugrunda gelejekde köp işler etjekliklerine bolan ynamyňy artdyrýar. Haçanda adam sowatly bolan ýagdaýynda sanly ulagamyň dolandyryjylyk ukybyny özünde terbiýeleýän bolsa, diýmek şeýle usullary nazarda almak bilen maşgalada hem , ýagny döwletiň düzümini düzýän kiçijik döwletlerde hem sanly ulgamyň zerurlygy her ädimde gerekdigine düşünmek has dogrydyr.

Kitap ýazmak we satuwa çykarmak bu döredijilik bilen söwda ugrynyň bilelikdäki sazlaşmasy diýip bileris. Çünki Söwda toplumynyň orny häzrki zaman medeni , ykdysady, syýasy gatnaşyklarda özüne uly ýol seçdi. Dünýäniň ýüzündäki ykdysady çökgünlik bolsa, munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda , Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen raýatlarymyzyň oňyn şertlerde ýaşamaklary, olaryň ykdysadyýetiň ösen ugry, söwda hem- de halkara gatnaşykalryň elektron bazarynyň üstünlikleri esasynda ýokary göterilýän şertleriň mümkinçiliklerini açmagy esasy kämilleşýän ugurlara mahsus bolmagy bolsa, bu ugry ýola goýýan işleriň saksynda beýik güýjüň durmagy bilen düşündirilýär. Çünki türkmen halky aslynda medeniýeti hem-de söwda aragatnaşygy bilen asyrlaryň dowamynda birek- birek bilen dostana gatnaşykalry ýola goýmakda Ýüpek ýolunyň guryny saýlan halkdygyny diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde subut etdi.   

Elbetde maglumatyň gerekli baza atylmagy, olaryň üsti bilen söda elektron dükanlarynyň döredilmegini gazanmakda ýurdumyzda söwda toplumynyň işi halkara ähmiýetli ýola goýuldy, elektron ýüpek ýolunyň geleşikleri bu gün söwda toplumynda edilen işleriň sanawyny çykarmakda kämilleşýär. Kämilligi  gazanmak bu ugruň ösen ykdysady gatnaşykalra baý ugurdygyny ýene bir gezek subut edýär. Sanlaşdyrmagyň umumy mazmuny barada aýdylanynda, sanlaşdyrmak islendik babatynda hem şol bir işde ýüze çykan ösüşleriň akabasyndadyr. Adamlaryň sowat aýratynlygyny hasaba almak bilen ulanyjy hökmünde bu günki gün sanly ykdysadyýetiň islendik ugry boýunça dolandyryjylygy amala aşyryp biler we ykdysady reformanyň döwlet üçin zerurlygynyň bolşy ýaly,ol her bir maşgala üçin hem zerur şertleriň biridir.

Häzirki zaman ösen tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykýan meselelerde komputerleriň orny we olaryň wezipeleri bilen bir hatarda howpsuzlygy hem-de olaryň möçberiň oňaýly we kiçi tygşytlylygy eýelemekleri hem ýokary wezipeli meselelere geçdi. Häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň komputer ulgamy bilen amala aşyrylmagy dünýä adamzat jemgyýetinde hat- da emeli aňa çenli barylyp ýetilmegi bolsa, bu ajaýyp zamanamyzyň ösüşlerinden mysaldyr.

Sanly tehnologiýalar babatda alnyp barylýan ylmy- barlag işleriniň netijelerini okadylýan dersler boýunça okuw maksatnamalaryny  häzirki zaman tehnologiýalary bilen kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.Dünýäde häzirki zaman hem – de geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän bilim ulgamy üçin sanly tehnologiýasynyň çözgütlerini seljermegiň esasynda bilim ulgamynda okuw prosessini guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Häzirki zaman tehnologiýalar äleminde täzelikleriň bolmagy bolsa, ykdysady ugurlarda hem-de beýleki ugurlarda mümkinçilikleri açýar. Müşderiniň hasabyna we sanly salgylanma görä onuň psihiki durumynyň ýüze çykan pursatynda önümiň islege gabat gelmesini gazanmagyň usullary. Ony kanagatlandyrmak üçin marketingiň iş iki ýylyň içinde bolsa bazar ykdysadyýetiniň ýetilmejek derejelerini, sepgitlerini ýeten bu usul, gelejegiň gymmatyny ýitirmejek ynamyny gazanýar. Söwda ulgamy bilen bagly bolan işlerde sanly dükanlaryň döredilmegi, elektron hyzmatlarynyň , söwda penjireleriniň açylyp berilmegi bolsa, söwda toplumynyň bu günki gün ýeten derejelerini ösen tehnologiýalar zamanynyň kämillikleri bilen aralaşdyrmak, mysallara ýüzlenmek mümkin.

Munuň özi halkara derejesinde geçirilýän söwda – ykdysady sergilerine gatnaşmakda hem giň ýol bolup durýar hem-de tehnologiýalar bilen baglanşykly edilýän işleriň getrýän üstünlikleri bilen gönüden – göni baglanşyklydyr. Bize şeýle mümkinçilikleri  döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklardan – rowaçlyklara beslensin!  

Laçyn GURBANMYRADOWA
Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady aragatnaşyk ministirliginiň
Söwda – Kooperatiw mekdebiniň 2-nji derejeli mugallymy,
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:55 am, Nov 23, 2024
temperature icon 9°C
переменная облачность
Humidity 87 %
Pressure 1026 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Next Story

Dürli ugurlaryň birligi

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop