Dost – Doganlygyň goýnunda

15.10.2024

Her bir halkyň milli  ruhynyň hazynasynyň açary, onuň dilinde, edebiýatynda, däp- dessurynda, dünýägaraýşynda we geýim-gejimindedir. Aslynda adamzat  taryhynda diliň täsiri,onuň belli bir halky kemala getirmekdäki orny, onuň şol halkyň ruhy medeniýetini nesillere geçirmekdäki güýji diýseň ýokarydyr. Türkmeniň milli şahyry, filosofi we beýik akyldary Magtymguly Pyragy takmynan 150 ýyl bäri dünýäniň alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Onuň goşgulary hem öz şahsyýetiniň dürli taraplary belli derejede öwrenildi hem-de dürli garaýyşlar bilen oňa baha berildi. Onuň goşgularynyň gaty köptaraplylygyny göz öňünde tutmak bilen, gündogary öwreniji Bertels Pyragynyň diwanyny tutuş dünýäni özünde görkezýän, ertekilerdäki Jemşidiň jamyna meňzetdi.Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň, medeni ösüşleriň şeýle hem bilim ulgamyndaky ösüşleriň hetdi- hasaby ýok.

Oba hojalygynda işleýän daýhanlarymyz ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp bilmek mümkinçiligine eýe. Munuň özi hem halk bähbitli işlerde ykdyadyýetimiziň hem- de medeniýetimiziň ösen derejesini görkezýar. Köp çagaly, dört we ondan köp çagalylara ýaşaýyş jaýlaryny ýeňillikli şertde satyn almagyna başlady. Birnäçe ýerlerde çäreler geçirilýän bolsa, käbir ýerlerde suratkeşlerimiziň sergileri, kä ýerlerde bolsa, owadan türkmen atlarymyzyň ýaryşlary geçirilýär.

Her bir edarada, her bir kärhanada häzirki döwürde ediläýn işler gyzgalaňly alnyp barylýan işleriň netijesi ykdysadyýetiň ýokarlanmagy , ýurdumyzyň senagatlarynyň üstünlikli ädimlerini kesgitlemek bolsa, ykdyadyýetiň hem- de beýleki pudaklaryň hem üstünligi diýmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen, Hormatly Prezidentimiziň halkymyza bähbitli drumuş şertleriniň goralmagy üçin halk bähbitli işleri geçirmeklige mümkinçilik döretmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrýar. Edil häzir raýatlara mellek ýer bermekde belli bir bökdençlikler bar.

Sebäbi täze ýaş çatynjalaryň tas hemmesi diýen ýaly özleriniň öwrenişen medeni zonasyndan mellek ýer alyp jaý gurmakçy.  Dogrusy halk bähbitli işleriň üstünlikli taraplary bolsa, gurluşyk firmalary ilatyň isleg-arzuwy, beren arzasy esasynda döwlet buýurmasy bilen ýerlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy meýilleşdirýärler. Magtygmuly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýyna dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlar hem-de Döwlet ýolbaşçylary bu günki gün biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatda çykyş etmek bilen gözel Aşgabadyň goýnunda birnäçe muzeýlere türkmen halylaryny görmek üçin hem-de türkmen bedewleriniň gözelligine syn etmek üçin geldiler. Maslahatdan çykarylan netije elbetde dostanalygyň hem-de parahatçylygyň simwoly bolan dünýä ylalaşyk hem-de ykdysady netijeliligi gazanmakda halkymyzyň halakra ähmiýetli söwda bazarynda telekeçilerimize giň ýol açylmagy hem-de ýokary netije gazanan türkmen raýatlarynyň halkyň durmuşyndaky orny – ykdysady çemeleşişde badalga boldy. Çünki dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlaryň iş sapary maslahatyň çäklerinde döwlet ylalaşygyna gol çekip, dünýä ähmiýetli işlerde Türkmenistan lider bolmak düşünjesini ýüze çykardy. Milletiň lideri Gahryman Arkadgymyzyň tagalalsy bilen parahatçylygyň hem-de dost doganlygyň parlaýan ýurdunda myhmanlaryň gelmegi, türkmen saçagynda näz- nygmatlar bilen garşylanmagy bolsa, tüýs dürkmeniň “ Myhman ataňdan uly” diýen sözüne güwä geçýär. Magtymgulynyň içki dünýäsini öwrenmek örän uly hem yzygiderli işi talap edýär.Muny bolsa, konferensiýa gelen alymlar hem bellediler. Her bir halkyň diliniň taryhynyň aýratyn öwrenilmesi- de hut şu sebäpli amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä , adamzat gymmatlyklarynyň açarydyr. Çünki ol älemiň iň näzik şekilde poeziýadaşöhlelenmesini gazanypdyr we bu deňsiz- taýsyz aýdyp bilmesi bilen şu günki gün iň bir syrly şahyr hem- de şahsyýet hökmünde biziň öňümizde açylýar.

Gahryman Arkadgymyzyň taýsyz tagallasy bilen Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen edilýän işler sanardan kän. Şol ugur boýunça häzirki günlerde ösüşleriň nyşany bolan baýramçylyk çäreleri geçirilýär hem-de raýatlarymyzyň drumuş- ykdysady şekillerini has- da ýokary götermek we olaryň baýamagyna ýol açmak bolsa, bu ilkinji derejede ýokary görkezijiligi görkezýär.

Türkmen edebiýatynyň wekili asyrlar boýy öwrenilse-de häzire çenli poeziýasy jedelli we gyzykly şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz guwanjydyr, buýsanjydyr.  Onuň poeziýasy, şygryýeti älemiň ähli barlygyna galtaşýar. Ol bir görseň, ýyldyzlar bilen, bir görseň, pyntyklar bilen, bir görseň, dünýäniň suwlaryny ölçäp oturandyr, bir görseň aýyň ýagtylygyň tizliginden habardardyr. Magtymgulynyň döredijiligi täsir eden nijeme edebiýatyň wekilleri bolsa, bu ähmiýetli işde elbetde täze gadamlar bilen onuň döredijiligini yzarlamaga mümkinçilik tapjakdyklaryny bellediler. Syýasy hemykdysady ugurlaryň içinde halkyň ösen ruhy germewini kemala getirmek üçin şol halkyň wekilleri, şol halkyň döwleti nesillerini okadýar, medeniýetini öwredýär, ony esasan hem dil medeniýetiniň üsti bilen kemala getirýär. Elbetde, halkyň ösen medeniýetini gazanmak bir başga, onuň taryhyny ýygnamak, ony gelejege äkitmek sungaty welin düýbünden başga zat. Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek. Türkmeniň ösen medeniýetiniň, diliniň hem-de nusgawy hazynasynyň keşdeli köňlüni öwrenmek  elbetde, edebiýatçylaryň paýyna düşýär. Emma onuň manylaryny ýerbe-ýer ulanmak üçin ussatlygyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.Ýurdumyzda geçirilen halkara konferensiýanyň çäklerinde  

Beýik türkmen söz ussadynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni diline terjime edilmegi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hem-de dostlugy pugtalandyrmakda

Gol çekilen ylalalşyklaryň arasynda esasy resminamalar ulag pudagyndaky ylalaşyklar boldy. Bu ylalaşyklar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ulag aragatnaşygyny  ýola goýmak hem-de bu işiň aňyrsynda halkyň bardygyny subut etmek bolsa, halkara äheňde geçirilen konferensiýanyň mysalynda ajaýyp subutnamadyr. Magtymgulynyň garaýyşlarynyň dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny nygtaldy.  Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe daşary ýurt raýatlary hem-de birnäçe hünärmenler sylaglandy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Maslahatda birnäçe meselelere garamak bilen bir hatarda halkara ähmiýetli işlerde Türkmenistanyň liderligi elden bermezligini gazanmak hem-de ýurudmyzyň abraýynyň mundna beýälk hem edilmeli işerde , parahatçylygy we dostanalygy ýola goýmakda ilkinjilerdigini subut etmegi wajypdyr. Ilkinji ädimlerden myhmanlar halkara maslahatyň geriminiň uly boljakdygyny, onuň dünýä ýaň saljak bir ajaýyp dostluk maslahaty boldy. Munuň özi bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gahryman Arkadgymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Soltan ALYJANOW
Türkmenistanyň Döwlet Energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:01 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Hünärmenler artýar

Next Story

Zamananyň ogly

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop