2024-nji ýylyň 3-4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň forumyna gatnaşdylar.
«Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk: Merkezi Aziýa sebitinde we Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde zenanlaryň orny» atly forumda milli Parlamentiň wekilleri sebitde parahatçylygy, abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti, zenanlaryň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gatnaşygy, zenanlaryň hukuk kepillikleri we durmuş ýeňillikleri barada çykyş etdiler.
Forumyň dowamynda sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde zenanlaryň ornuny güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, jemgyýetiň durnuklylygyny berkitmek we durnuksyzlyk töwekgelçiligini peseltmekde gender çemeleşmeler, gender çemeleşmeleri babatynda serhetüsti suw çeşmelerini dolandyrmak üçin innowasion çözgütler barada çykyşlar diňlenildi hem-de degişli ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy.