TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLK BOÝUNÇA KOMISSARY WE MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

03.10.2024

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen  we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy.  Halkara guramalar, Ýewropa Bileleşigi bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde seminarlaryň, geňeşmeleriň, okuw maslahatlarynyň, «tegelek stollaryň» guralmagynyň milli kanunçylygyň halkara tejribesine laýyklykda kämilleşdirilmegine, parlament işini has kämil derejede guramagyň usullaryny öwrenmäge mümkinçilikleri artdyrýandygy barada aýdyldy.

Türkmen tarapy «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň we «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin hereketleriň  Milli  meýilnamasyny» we  «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, şeýle hem ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklaryny hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:35 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 18°C
небольшая облачность
Humidity 59 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ FORUMYNA GATNAŞDYLAR

Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Soňkylar Habar

GitTop