TURKMENISTAN GAZET

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ IKINJI DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY D.GULMANOWANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTINIŇ MAJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14.10.2024

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygy Ýerlan Koşanowyň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda pikir alşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň täze derejä çykýandygyny we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşler türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:16 pm, Oct 18, 2024
temperature icon 31°C
ясно
Humidity 18 %
Pressure 1009 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 17 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:17 am
Sunset Sunset: 6:25 pm
Öňki taryh

Dürli ugurlaryň birligi

Next Story

PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBITLERINE GÖNÜKDIRILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRUDYR

Soňkylar Habar

Zamananyň ogly

15.10.2024
Türkmen halky bu günler halkara ähmiýetli wakalary başdan geçirýärler. Sebäbi ýurdumyzda geçirilen halkar aforumyň çäklerinde ähli ugurlar bilen aýratyn tanşylmagy we ýurdumyzda bu ugra
GitTop