Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň Başlygy E.Ž.Koşanow:

14.10.2024

Ozaly bilen, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň wekiliýetiniň adyndan şu günki duşuşyga  gatnaşyjylary  gutlamak isleýärin.   

Şeýle hem  häzirki döwrüň wajyp halkara  meselelerini parlament diplomatiýasynyň çäklerinde  ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki çözgütleri    kabul etmek üçin  ýokary derejedäki çäreleriň  guralmagyna  döredilýän  şertler hem-de  mümkinçilikler üçin  Merkez Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň döwlet  ýolbaşçylaryna   minnetdarlyk bildirýärin. 

Şu günki duşuşygyň gün tertibine girizilen mesele  hemme wagtdakysyndan hem wajyp bolup durýar. Şoňa görä-de, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi durnukly ösüşde we döwletleriň hem-de sebitleriň gülläp ösmeginde möhüm orny eýeleýär..

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitiň hyzmatdaş ýurtlary we sebit hem-de halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan  beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Geçen ýyl Seulda geçirilen duşuşyk hyzmatdaşlygyň geljekki netijeli ugurlarynyň birnäçesini kesgitledi. Meselem, Gazagystanda Sanly kodeks işlenip taýýarlanylýar. Bu Kodeks sanly tehnologiýalary, şol sanda emeli aň-paýhas tehnologiýalaryna täze çemeleşmeleri düzgünleşdirmäge, raýatlar we işewürlik üçin howpsuz we amatly gurşawy döretmäge mümkinçilik berer. Şu ýerde Türkmenistanyň smart citi konsepsiýasy esasynda gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň tejribesini belläp geçmek isleýärin. Gazagystanda hem şunuň ýaly Alatau City taslamasy durmuşa geçirilýär, ol ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2026-njy ýylda Gazagystanda BMG-niň howandarlygynda klimat boýunça sebit sammitiniň geçirilmegi wajyp mesele bolup durýar. Häzirki wagtda Majilisde Suw kodeksiniň täze taslamasyna seredilýär. Bu Kodeks Gazagystanda suw serişdelerini dolandyrmaga täze çemeleşmeleri göz öňünde tutýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:32 am, Oct 18, 2024
temperature icon 15°C
ясно
Humidity 44 %
Pressure 1012 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 5%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:17 am
Sunset Sunset: 6:25 pm
Öňki taryh

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Woo Won-Şik

Next Story

Ismoilow Nuriddin Muýdinhanowiç – Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy palatasynyň Başlygy

Soňkylar Habar

Zamananyň ogly

15.10.2024
Türkmen halky bu günler halkara ähmiýetli wakalary başdan geçirýärler. Sebäbi ýurdumyzda geçirilen halkar aforumyň çäklerinde ähli ugurlar bilen aýratyn tanşylmagy we ýurdumyzda bu ugra
GitTop