Dark
Light
25.01.2026
original 163ce307ab21e3 THE ASHGABAT TIMES

“Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer şygar bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasydyr

15.10.2024

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Şanly senäniň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Hakyky halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden hem-de häzirki türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, kümüş saçly mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, talyp-ýaşlar hem-de beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.
Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlenip, bu maslahatyň ähmiýetini belledi. “Şu ýyl biz şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýäris” – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu gün, ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan akyldaryň arzuw eden zamanasynyň gelendigini buýsanç bilen nygtady.
Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksatdyr.

Enejan ANNAMYRADOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glawny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Topragyň biologik häsiýeti

1280 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 16 10 2024

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop