Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr!

18.10.2024

Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halky, adamzat äleminde özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklaryny sowgat berdi. Olardan türkmen atyny, alabaýyny, halysyny, dutaryny, zergärleriň ýasan şaý-seplerini we ençeme zatlaryny mysal getirmek bolar. Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat – milli medeniýetdir. Milli medeniýeti dünýä ýaýýan gymmatlyk hem milli mirasdyr. Bu iki baýlyk birigip, milli mirasyň müdimiligini üpjün edýär.

Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhraty dikeldilip başlandy we olaryň köpeldilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýäde özüniň ýyndamlygy, owadanlygy bilen meşhur bolan Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi we ol erkinligiň hem-de garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden naýbaşy tohumdaky atlary mundan beýläk-de artdyrmak, ony dünýä ýüzünde ýaýratmak we meşhur etmek babatynda tohumçylyk-seçgi işleriniň täze tapgyrlaryna badalga berildi. Şol maksat bilen, 1991-nji ýylda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi döredildi. Birleşik ahalteke bedewlerini seýislemek we köpeltmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe ýyldan bäri zähmet çekýän raýatlary, hünärmenleri birleşdirdi. Bir söz bilen aýdanymyzda, birleşik tarapyndan ahalteke bedewlerimizi dünýä ýaýmak we olary köpeltmek bilen bagly işleriň täze tapgyry başlanyldy. Häzirki döwürde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmen atşynaslygy milli muzeýinde öz beýanyny tapan gadymy baý däp-dessurlary hil taýdan täze derejä çykdy. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, bilelikde taslamalary alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Ahalteke atlary türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda atly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Behişdi bedewleriň syratlylygy, owadanlygy, hereketleriniň sazlaşyklylygy we çeýeligi olara atly sportuň nusgawy görnüşleriniň biri bolan at münmegiň ýokary mekdebi oýnuna hem gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, Arkadag şäherinde açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda talyplaryň at münmegiň ýokary mekdebiniň tilsimlerini, emellerini we tehnikasyny özleşdirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, olara halkara sport giňişliginde ajaýyp ýeňişleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.

Kasymmyrat DURDYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:16 am, Oct 18, 2024
temperature icon 19°C
переменная облачность
Humidity 33 %
Pressure 1012 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 10 mph
Clouds Clouds: 47%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:17 am
Sunset Sunset: 6:25 pm
Öňki taryh

Jeýms Gunn Superman muşdaklaryna Krypto itiniň näme üçin Labrador, Husky ýa-da Owçarka däldigini düşündirýär

Soňkylar Makalalar

Türkmen binagärçiliginiň taryhy

17.10.2024
Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw,

Arkadag – şäheri ýaşlygyñ we güzelliğin şäheri

17.10.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşli menzilleriň rowana ýolundan  ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde

Sanly ulgam – giň mümkinçilikler

17.10.2024
Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde, esasanda, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda “sanly ykdysadyýet” adalgasy giňden ulanylmaga başlandy. Hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda

Topragyň biologik häsiýeti

15.10.2024
Toprak dürli görnüșli mikroorganizmlere (bakteriýalara, aktinomisetlere,heň kömelejiklerine, protozoalara, suw ösümliklerine) – geobiontlere we mör-möjeklere örän baý. Mikroorganizmleriň mukdary agrotehniki ișler gowygeçirilýän, köp dersli, gara
GitTop