Türkmenistanda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda edýän işleri utgaşyp, hakykatdan hem üstünlikden- üstünlige barýan halkymyzyň gelejegini abadanlaşdyrmakda, parahatçylygy gorap saklamakda türkmen diýary ilkinjileriň hatarynda dünýä özüni tanadan ýurtdyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ösüşlerine badalga berýän bu ajaýyp işler döwlet ähmiýetli halk bähbitli işler bilen utgaşyp Türkmenistan diýarymyz häzirki wagtda dostlukly, döwranly ýurtlaryň hataryna bolsa,eseriň bakylygyny subut edýän pikirler , ykbal öwrümlerini özboluşly filosofik nukdaýnazardan täzelemegi, eseriň bu günki gün has wajyp rol oýnaýandygyndan gelip çykmasydyr. Türkmen diýaryna dünýäniň ýüzünden gelýän dostana döwletleriň wekilleri ak paýtagtymyza haýran galmak bilen syn etdiler. Iň esasy ugurlar boýunça edilýän işleriň netijeliligini görkezmek bilen halkymyzyň ýaşaýyş- şertlerini gowulandyrmak hem- de ruhy dünýäsini aýap saklamak hem- de döwrebap ösüşler bilen alyp gitmek meseleleri örboýuna galýar. Bu hem ähli ugurlardaky işleriň netijeli we çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.Aslynda edebiýat näme üçin okadylmaly. Türkmen halkynda bir nakyl bar: “Ak zat alnyňa ýagşy” diýýärler.Ak şäheriň gözel görnüşi, onuň “Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrylmagy bolsa, şäheriň goýnunda ýerleşýän gözel binalaryň ap- ak mermere beslenip oturmasyndan gözbaş alýar.Bu ýerde Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny beýan edýän şahsyýetleriň heýkelleriniň ýerleşdirilmesi bolsa, türkmeniň Garaşsyz bolmagy üçin, topragyň Garaşsyzlygyny almak üçin göreşen şahsyýetleri nesillere tanatmak bilen baglanşyklydyr. Heýkelleriniň ýerleşdirilmesi bu günki gün türkmeniň şöhratly taryhyna degişli şahsyýetleriň hersiniň öz güýjüni – gaýratyny görkezip, türkmen binasynyň boýy 118 metrden ybarat bolup, iň çür depesinde bäş welaýatyň birleşmesi hem- de agzybirlik manysynda edilen Oguz hanyň nyşanyny alamatlandyrýan nyşanlar ýerleşdirlendir.Bu meýdançany synlan hem-de biziň haly muzeýimize baryp, türkmen halysyny gören hem-de atlarymyzy gören myhmanlar ynsan ýaşaýyşlarynyň beýik muhabbetinden emele gelen eserde ýokary hilli ynsan gatnaşykalrynyň öz täsirini ýetirip, onuň meşhurlygyny artdyran eserde döredijilik diýen jadyly gudratyň gözelligi öz beýanyny tapýar.Beýik şahyr Magtymgulynyň ýadygärligini görmek bilen myhmanlar öz döwrüniň we özünden soňky öňde baryjy şahyrlaryň arasynda uly abraýa eýe bolandygy hakynda hem-de Garaşszylygy arzuw eden şahyr hökmünde bu gün sarpalanýandygyna haýran galdylar. Sarpaly döredijiligiň ussady biziň bu günki günlerimize çenli gelip ýeten , öz taryhymyzy öwrenmekde we dünýä medeniýetini öwrenmekde uly yz goýan şahyryň bu günki gün hem ürç edip öwrenilmesi bizi buýsandyrýar. Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şygryýet ýa- da edebiýat däl- de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, dolanyp, dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Hakykatdan hem adam bu älem barlygynyň içinde diňe bir kiçijik nokat.
Türkmen edebiýatynda döredijilik gatnaşyklary bilen meşhur bolan şahyrlaryň içinde iň tanymaly eserleriň baky bir nokatda bir güýç halkyň medeniýeti diýip tanalýar. Şol medeniýetiň içinde halkyň ähli sungaty, edebiýaty,halk döredijiligi bilen bir hatarda öwüşgünleri, edebiýatydyr, sungaty bilen iň gadymy medeniýetleriň hataryna goşulyp, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda göwher gaşly ýüzük bolu parlaýar. Haýsy ýerde bolsa bolsun, dünýäniň islendik künjünde , tapawudy ýok, türkmen medeniýtiniň özboluşly reňklere baý, şahsyýetiň häsiýetini düzýän, özüňi alyp baryş medeniýeti hiç halkyňkydan kem däl. Eger- de dünýäniň ýüzünde bir halk medeniýetli diýip tanalýan bolsa, onda türkmen halky hem şol medeniýetiň içinde tanalýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir halk öz medeniýetini asyrlar ata – babalarymyzyň medeniýetimiziň bahasynyň gymmatyny bilmegini ilkinji nobatda türkmen halkynyň az sözliligi bilen hem subut etmek mümkin. Halyny aňladýan sözleri gelejege alyp gitmek üçinem,ylma, edebiýata, şahyrçylyga, senede saldy. Şeýdibem adamzat öz halyny aňladýan sözlerini iň soňunda kämilleşdire-kämilleşdire dil sungatyna öwürdi. Dünýäniň ýüzünde öz halkynyň,gaýry halklaryň,dil toparlarynyň taryhyny öwrenýän köp dilçiler bar.Ýöne adamzadyň dünýäniň haýsy nokadynda bolsa-da şol bir ýagdaýy başdan geçirýär. Bagtyýar durmuşy saglaýan türkmen diýary her bir güni kalbyňy şatlandyrýan buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Munuň özi görkezen gahrymançylykly hereketleri bilen bileikde eser mazmunyny dünýä edebiýatynda ep- esli artdyrandyr.Muny türkmen alymlarynyň ürç edip öwrenmegi bolsa, bu günki günde onuň adamzat ähmiýetli işlerde ýokary dereje berilmeli gymmatlykdygyny subut etmesidir.Eserde syrly ynsan dünýäsiniň gizlin gapylaryny açmakda beýik döredijilik işidigini subut etmäge dyrjaşýan adamlaryň köplüginden hem bellidir.Türkmen diýary öňküsinden hem abraýyny artdyrýar.
Häzirki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň bu görüm- göreldäni yzygiderli dowam edýändigini bolsa, ýurdumyza gelýän işewürleriň sanynyň artmagy bilen hem subut edilýär. Bu gün Magtymguly her bir alymyň, her bir döredijiniň syrdaşy. Bu gün Magtymgulynyň döredijiligine ser salyp, onuň ähli döwürleriň şahyrydygyna göz ýetirýärsiň. Bu bolsa, beýik türkmen edebiýatynyň wekiliniň dünýä nusgawy edebiýaty üçin uly bir ölçegdiniň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň ylham alýan şahyrlardyr, ýazyjylar täze- täze eserler döretse, suratkeşler milli buýsançlarymyzy, nyşanlarymyzy öz işlerinde şöhlelendirip, üstünlikli durmuşymyzy nakgaş işlerine geçirýärler. Munuň özi halkymyzda hem buýsanç duýgularyny oýarýar. Ata- babalarymyzyň paýhasly wesýetlerini, milli we umumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny häzirki döwürde sanly bilim hem- de tehnologiýalar babatynda döredilýän mümkinçilikleriň çägi gün- günden artýar. Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmakda innowasiýalaryň täsirini görkezmäge mümkinçilik döredýär.
Hyjuwly türkmen ýüreginiň gaýnap duran söýgüsinden, ýiti zehinden, akyldan hem- de watana bolan söýgiden, ýaşyl baýdaga bolan buýsançdan gelip çykýan joşgun- elbetde hökman ýeňişli bolup biler.
Türkmen halky bu günler dürli şatlykly wakalaryň, hemişeki bolşy ýaly, ýeňişleriň hem – de buýsandyryjy habarlaryň şaýady bolýar Ösüşlerden ösüşlere beslenýän ajaýyp diýarymyzda bolsa, bu ugurdan zähmet çekýän ynsanlar has-da abraý alýar. Çünki tehnologiýalar häzirki döwürde ösjek derejesinde ösdi.Gadymdan gelýän Oguz han atamyzyň däp-dessurlaryna eýerip, goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmen halkynyň ganynda bar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem-de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy.Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy.Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy.Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragyna goýýan sarpasyna esaslanyp,”2024-nji ýyly “Änew şäheri- türki halklarynyň medeni merkezi”diýip,yglan edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun! Işleri rowaç !
Alibek ZAFAROW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby