Dark
Light
25.01.2026
11 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halysy — halkymyzyň milli taryhynyň sakasydyr!

18.10.2024

Halyçylyk-türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Halyçylyk sungaty öz gözbaşyny gadymy geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de baryp 5 müň ýyl mundan ozal türkmen halylarynyň dokalandygy äşgär edilýär.
Türk­men gelin-gyzlarynyň uz bar­mak­la­ry­nyň gud­ra­tyndan dö­re­ýän ha­ly önüm­le­ri türk­me­niň dur­mu­şy­ny be­ze­ýär. Ir­ki dö­wür­ler­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den «Agyr ha­ly­ny ka­kyp bol­maz, ow­nuk daşyn dö­küp bol­maz» ma­ta­lyn­dan as­man gi­ňiş­li­gi­niň äpet ha­la, onuň ýyl­dyz­la­rynyň bol­sa ha­ly göl­le­ri­ne meň­ze­dil­me­gi bu aja­ýyp sun­ga­tyň mu­kad­des­li­ginden ha­bar ber­ýär.
Was­py des­sa­na myna­syp türk­men ha­ly­la­ry müň­ler­çe ýyl­la­ryň dowa­myn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş yk­ba­ly­ny özü­ne siň­di­rip­dir. Onuň her bir nag­şyn­da, gö­lün­de enä­niň gy­zy­na ün­de­wi, edep­li gy­zyň ene-atasy­na, ger­çek aga­sy­na sar­pa­sy, sö­wer ýa­ry­na we­pa­sy jan­lan­ýar. Ha­ly do­ka­lan­da in­çe çit­mek, te­kiz gyr­mak us­sat­lyk ha­sap­lan­ýar. Müň­ler­çe çi­tim­le­riň, öý­düm­ler­dir gy­rym­la­ryň mu­kam­la­ra ça­lym ed­ýän da­rak kakma­la­ryň esa­syn­da dö­rän bu gym­mat­ly se­net­de pe­der­le­ri­mi­ziň dur­muş ha­ky­kat­la­ry, ro­wa­ýa­ty wa­ka­lar jan­lan­ýar.
Halyçylyk sungatynyň halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny, nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Nepislik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar kämilleşmegiň belentliklerine ýetmek hyjuwyny äşgär edýär. Şeýle hem 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasy, ýolagçy terminalynyň üçeginde haly gölüniň ýerleşdirilmegi bilen, “Iň uly haly göli” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.
Häzirki döwürde halyçylyk kärhanalarynda ajaýyp halylar dokalýar. Şolar gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem kaşaň edara binalarynyň, medeniýet merkezleriniň, muzeýleriň baş bezeglerine öwrülýär.
Halyçylar döredijilik gözlegleri bilen gadymy halylaryň nusgalaryny dikeldýärler. Bu babatda olar haly dokamagyň çylşyrymly we örän takyk usullaryny netijeli peýdalanýarlar. Geçen asyryň ortalarynda Altaý ülkesinde ýerleşýän depelerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan we häzirki döwürde Sankt-Peterburg şäheriniň Döwlet ermitažynda saklanýan ajaýyp Pazyryk halysynyň nusgasynyň taýýarlanandygyny bellemeli. Häzirki döwürde iň gadymy haly hasaplanylýan we goýun ýüňünden taýýarlanan erişden dokalan bu halynyň biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV asyra degişlidigini taryh ylmy subut etdi. Ol özüniň dokalyş aýratynlygy, inçeligi, reňkleriniň sazlaşygy we milli gymmatlyklary öz içine alýandygy arkaly türkmen halylarynyň gadymy nusgasy hökmünde ykrar edildi.
Ajaýyp sungat eserlerine deňelýän türkmen halylarynyň dünýä ýaýramagynda taryhda öçmejek yz galdyran Beýik Ýüpek ýoluna möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde bu gadymy ugur täzeden dikeldilýär hem-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde öz beýanyny tapýar.

Çemen NOWRUZOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Poçtanyň ewolýusiýasy: Pyýada habarçylardan kiber giňişlige çenli

1280 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 18.10.2024

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop