Ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri adamzat bähbitli işlerde üstünlik gazanýan döwletimiziň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň çar künjünde parlamasy bu giň gerimli işleriň alnyp barylmagynyň diri şaýadydyr. Häzirki zaman tehnologiýalar zamanynda ösüşleriň iň ýokary derejesi biziň ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy. Şol ugurlar boýunça edilýän işleri sanardan köp.
Çünki ýurudmyzyň ykdysady reformasy ynsanlaryň raýatlyk durmuşynda bagtyýar ýaşamaklary Ak ýolly türkmen halkynyň ösüşlerine badalga berilmesi bolsa, biziň ýurdumyzda döwletiň adam üçin bolmagy diýip, düşünýäris.
Türkmenistan diýarymyz häzirki wagtda dostlukly, döwranly ýurtlaryň hataryna öwrüldi. Dünýäniň çar künjündäki dostana döwletler bilen aragatnaşygy ýola goýmagyň başlangyçlarynda ekologiýa abadançylygy,özara hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşykalr ýaly işleri durmuşa geçirmekde nusga boldy.
Häzriki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň bu görüm- göreldäni yzygiderli dowam edýändigini bolsa, ýurdumyza gelýän beýleki döwletleriň wekilleri subut edýär. Türkmenistanyň şu maksatlara ýetmek boýunça ýöredýän ugry dostana gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler berk taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň toplanan baý tejribesine, hyzmatdaşlygyň barşynda açylýan uly mümkinçiliklere düşünmäge esaslanýar.
Dogrusyny muny subut edýän wakalryň yzygiderliligini beýan etmekde geçirlýän konferensiýalarydyr, forumlary, maslahatlarydyr, onlaýyn seminarlary mysal almak mümkindir. Türkmenistanyň ösüş ugry boýunça geçirilýän birnäçe çärelere, halkara gatnaşykalrynyň ähmiýetini aňladýan ajaýyp ýörelgeleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu günki duşuşygyň bu oňyn ýörelgeleri dowam etmek, ägirt uly parlament maşgalasy hökmünde biziň gatnaşyklarymyzy ýygjamlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi.Ösüş maksatnamasynyň örän netijelidigini we onuň biziň ýurtlarymyzyň parlament bileleşikleri üçin uly gyzyklanma bildirilýän meseleler toplumynyň ara alyp maslahatlaşylmagy bolsa, esasy ugurlary kesgitledi.
Gülälek Ýagşygeldiýewa
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Söwda – kooperatiw mekdebiniň mugallymy