Gadymy grek edebiýatynyň hazynasy

19.10.2024

Gadymy grek edebiýaty dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda aýratyn orun eýeleýändir. Çünki onuň birnäçe asyrlar aşyp, kämilleşip, biziň şu günümize çenli gelip ýetmesi , edebiýatyň ynsan durmuşyndaky ajaýyp bir hazynadygyny açyp görkezýär.

Ynsan durmuşy bilen içgin gyzyklanmakdan ötri içki mifiki güýçler bilen hiç wagt dünýäsi aýrylmaz adamzat aslynda edebiýaty bir täsin toslama hökmünde görüpdir we şu günki güne çenli ylym hem-de sungat hökmünde asyrlardan aşyryp, biziň günlerimize getiripdir.Mifler biri-birine gapma garşylykly äheňde bolupdyrlar, sebäbi her gadym döwürlerde her bir jemgyýet öz miflerini döredipdir.

Olar jemgyýetiň dini durmuşynda örän wajyp rol oýnapdyr. Mifleriň
şeýle dini ähmiýeti olary ertekilerden we rowaýatlardan tapawutlandyrypdyr.Elbetde edebi eserler bilen adamalry arasyndaky arabaglanşyk olaryň ynançlary bilen bagly bolupdyr. Häzirki zamanda adamlar şeýle soraglaryň ylmy jogaplaryny we teoriýalaryny bilýärler. Şeýlelikde sungat bilen ylmyň, edebiýat bilen beýleki sungatlaryň arasyndaky arabaglanşyk edil çarhy – pelegiň aýlanyşy ýaly, aýlanyp durupdyr.

Emma gadym döwürlerde, hatda häzirem dünýäniň käbir ýerlerinde şeýle soraglara ylmy taýdan jogap berip bilmeýärler. Şol sebäpden olar şeýle tebigy hadysalary hudaýlar, hudaý aýallar we batyrlar baradaky hekaýatlar, gürrüňler bilen düşündirýärler. Şeýle gürrüňlere, hekaýatlara mifler, şeýle mifleri öwrenýän ylma bolsa mifologiýa diýilýär. Miflogiýalaryň ynsan tebigatyna täsiri bolsa, elbetde adamzat taryhynda iň bir ýokary orny eýeläpdir. Şol sebäpli-de edebi eser hökmünde ýatda galypdyr. Gadym döwürlerde her bir jemgyýet öz miflerini döredipdir.

Olar jemgyýetiň dini durmuşynda örän wajyp rol oýnapdyr. Mifleriň
şeýle dini ähmiýeti olaryň içinde halk ertekileri we rowaýatlary jemgyýetde terbiýeçilik, wagty boş geçirmezlik, diňleýjileriň içini gysdyrman, olary gyzyklandyryp güýmemek maksatlary üçin gürrüň berlipdir, emma mifleri döreden taýpalar, halklar olara hakykat hökmünde ynanypdyrlar. Şeýle mifler gadym döwürlerde türkmen halkynyň arasynda-da bolupdyr.

Ilkibada mifler biri- birine gapma garşylykly äheňde bolupdyrlar,
sebäbi her bir taýpa we her bir medeniýet merkezi hudaýlar we
gahrymanlar barada öz düşünjelerini beýan edipdir. Şol sebäpli olary
belli bir tertibe salmak zerurlygy ýüze çykypdyr.

Mifler biri-birine gapma garşylykly äheňde bolupdyrlar,sebäbi her bir taýpa we her bir medeniýet merkezi hudaýlar we gahrymanlar barada öz düşünjelerini beýan edipdir. Ertekilerden we rowaýatlardan tapawutlandyrypdyr. Emma şol taýpanyň ýa da halkyň mifi başga taýpalaryň,halklaryň arasyna ýaýranda olara erteki hökmünde garalypdyr.

Akmal NIÝAZMETOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:15 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
небольшая облачность
Humidity 72 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Kuwwatly Watan

Next Story

Watan habarlary 19 10 2024

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop