Ýaşlaryň  sanly gelejegi

20.10.2024

Sanly gelejek gün geldikçe özüniň ösüşlerini- özgerişlerini dowam etdirýär. Intellektual aňyň netijesinde her gün bir ädim öňe gidilmegi bilen sanly bazarlaryň hem öňkülerinden has ýokary wezipeleri bilinýär. Çünki adam aňy ösdügiçe intelelktual aň hem ösýär, sanlaşmanyň has ösen görnüşlerine şaýat bolmak üçin ilkinji ädimlere ser salmaga mümkinçiliklerimize seredýäris. Biziň dünýägaraýşymyzda sanly ykdysadyýetiň çözgütlerine düýpli täsir eden komputerleriň esasy işi biziň ösüşlerimiz öňküsinden kämilleşdirmek diýip, düşünýäris. Sanlaşma ulgamynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de  dersleriň sanawy durnukly bolan orta mekdepler bilen deňeşdirilende ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite dersler hem peýda bolýar. Her bir ugurda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi hem üstünlikden- üstünlige barýan halkymyzyň gelejegini abadanlaşdyrmakda, parahatçylygyň hemişe höküm sürmegini gazanmakda bilim ulgamynyň goşandy bolmagyny subut edýär. Ýaşlara terbiýe bermekde hem- de olaryň durmuşynda ýokary derejeli ösüşleri gazanmagyň ýollaryny salgy bermekde ýokary okuw jaýlary diňe bir öz mugallymlarynyň tejribesini ulanman, eýsem, dürli hünär ugry  babatynda dünýä tejribesini, dünýäniň gazananlarynyň ugry boýunça ugurdaş ýokary okuw jaýlarynyň hem tejribesi ulanylýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir. Munuň özi ösüşleri saglaýan ýurdumyzda ýaş nesil üçin edilýän aladanyň bir nyşanydyr. Bu günki gün geçirilýän dabaralar bolsa, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ösüşleriň ýokary göterilýändigini subut edýär. Dünýäniň ýüzünde bolup geçýän täzelikler hemişeki bolşy ýaly , adamzady haýran galdyrmak bilen dürli görnüşlerde ynsan dünýäsiniň ruhuna girmek hem- de şol ýerlerde öz ornuny tapmagy başarmakdyr.Emma ynsan tebigaty bilen bagly üstünlikli taraplar bolsa, häzirki döwürde ýoakry derejeli işler etmegä döredilýän mümkinçilikleriň üstüni ýetirýär. Maglumat tehnologiýalary, bazar ykdysadyýeti biziň durmuşymya gowy ornaşmak bilen bilrikde ýokary hilli netijeleri gazanmak üçin täze gözlegler edilmegi edil häzirki günde adamzadyň ýokary derejeli üstünliklerini yzarlamaga we şol üstünlikleriň hemrasy boljak adamzadyň durmuşynda täzelik döretmäge bolan höwesler häzriki zaman tygşytlylygyny hem- de öz baýlykalryňa eýelik etmek şygary bilen birlikde hereket edýär.Tebigy baýlyklaryň möçberiniň, işçi güýjini, köpeltmegiň mümkinçilikleriniň çäkliligi sebäpli ekstensiw ösüş ýoly belli bir derejede amatsyzdyr. Şonuň üçin hem intensiw ösüş ýoluna geçmeklik zerurlykdyr.Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň şertleriniň mukdar taýdan däl-de, olaryň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň intensiw görnüşi bolýar.  Sanly ulgam häzirki döwürde ýurdumyzda uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de  Hormatly Prezidentimiziň  taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzy innowasiýon ösüşleriň mekanyna öwürmek hem- de täzelikleriň mekany bolan Türkmenistany innowasiýon özgertmeler esasynda ösdürmek hem- de bu ösüşleriň sakasynda halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň has- da gowulanmagyny gazanmak, türkmenleriň ýaşaýyş derjesini öňküden has ösen döwletleriň bagtyýar halkyna öwürmek bu günki gün öňde goýulan wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynyň hünärmenleri hem döwrebap önümleri öndürmek bilen bir hatarda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ialtynyň bagtyýar durmuşyny saglamak hem- de ilata Kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen olar san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar.

Informasiýa göterijä ýazyp boljak informasiýanyň iň aňryçäk möçberine onuň sygymy diýilýär. Informasiýa mukdarynyň ölçeg birligi deregine baýt kabul edilendir. Informasiýa göterijileriň sygymy aşakdaky birliklerde ölçelýär. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklaýan gurluşlar. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklamagyň möhüm gurluşy – informasiýany magnit örtükli, üstünde ýazýan we okaýan kellejik ýerleşen, aýlanýan diskleriň toplumydyr.

Kompýuteriň ähli gurluşlarynyň toplumyna onuň aparat üpjünçiligi diýilýär. Bu gurluşlaryň düzümi çözülýän meselä baglylykda üýtgedilip bilner. Elbetde bu üstünlikler häzirki zaman tehnologiýalar birligini düzmek bilen birlikde maglumat tehnologiýalarynyň hem uly bazasyny kompýuterde ýygnamaga uly mümkinçilik berýär.

Prosessor – kompýuteriň esasy gurluşy, beýnisi bolmak bilen hasaplamalary, programmalary ýerine ýetirýär. Bu gurluş informasiýalary işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Operatiw ýatda saklaýjy gurluş bir bütewi ýere ýygnalan mikroshemalaryň ýygyndysyny öz içine alýar. Maglumatlaryň ýygnalyş usullary hakynda aýtmak üçin kompýuterde gerek bolan ähli enjamlary bar bolan bir ýere toplamak we programmirlemegiň iň ýokary derejesini üstünlik berýär.

Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar we   tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykan esasy üpjünçiligiň komputerler bilen baglanşykly bolmagy, manitoryň öňünde oturan adamlaryň dünýäniň ýüzünde müňlerçe bolmagy eýýäm biziň durmuşymyza üýtgewsiz ornaşan komputer üpjünçiliginiň birlikde howpsyzlygyny gazanmak hem alymlaryň borjydyr. Ýaşlaryň sanly gelejegi biziň ýurdumyza hem ýokary derejeler bilen ösýär. Bu gelejegi ilkinji nobatda öňe sürýän biz mugallymlar bolsa, ýurdumyzyň sanly ösüşlerinde ýaşlaryň zehin – başarnyklaryny gazanmakda doly mümkinçiliklerden peýdalanýarys. Üstünliklere beslenen işler mugallymlaryň hem- de ene- atalaryň buýsanjyny artdyrýar.Üstünlikler açary bolan tehnologiýalar biziň günümiziň ýokary derejedäki sowatlylygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde bize ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Munuň özi halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlardan hem-de tehnologiýalar bilen baglanşykly edilýän işleriň getrýän üstünlikleri bilen gönüden – göni baglanşyklydyr. Şeýle mmükinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklardan – rowaçlyklara beslensin!

Allamyradowa Bahar Saparmuhammedowna
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:29 pm, Oct 22, 2024
temperature icon 11°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:21 am
Sunset Sunset: 6:19 pm
Öňki taryh

Gadymy grek edebiýatynyň hazynasy

Next Story

Üstünligiň açary

Soňkylar Makalalar

Maýa goýumlar

22.10.2024
Maýa goýumlar baradaky düýpli düşünjeler “Türkmenistanda maýa goýmak işi hakynda” Türkmenistanyñ kanunynda dolulygyna beýan edilýär. Şeýlelikde,  girdeji almak ýa-da durmuş taýdan peýda gazanmak maksady

Ata Watanymyz kuwwatly energetika döwleti

22.10.2024
Beýik özgertmeler ýoly bilen barha kuwwatlanýan mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler, gurulýan köpsanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde

Denominasiýa we onuňdurmuş-ykdysady netijeleri

22.10.2024
1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan milli pul bolan manadyň girizilmegi we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli walýutanyň – denominasiýasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet nyşany hökmünde-de, ýurduň

MIWE ŞERBETLERI

22.10.2024
Miweli-iýmişli şerbetler ýylylyk sterilizasiýasyny sezewar edilip, şeker siropyndaky bir ýa-da birnäçe miweleriň we iýmişleriň görnüşlerinden durýan konserwalar. Şeker siropynyň goşulmaly önümiň tagamyny gowulandyrýar we

Dünýä arhitekturasyndaky ösüş

22.10.2024
Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarny ösdürmegiň we olaryň ajaýyp arhitekturasyny bina etmegiň üstünlikli işleri Garaşsyzlyk ýyllary içinde yzygiderli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň aladalary
GitTop