Dünýä arhitekturasyndaky ösüş

22.10.2024

Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarny ösdürmegiň we olaryň ajaýyp arhitekturasyny bina etmegiň üstünlikli işleri Garaşsyzlyk ýyllary içinde yzygiderli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzda gurluşyk abbatynd aedilýän işler häzirki zaman ösüşleriniň oňyn basgançaklaryndan ugur alyp, ýyl geldikçe ýaşaýyş jaýlarynyň üstünlikli ornaşmagy we şäher arhitekturasy babatynda ösüşleriň mümkinçilikleirniň giňemegine uly mümkinçilik berýär.Dünýäniň çar künjünde täsin arhitekturalary giňän juda owadan binalar bar. Olaryň arasynda meşhur arhitektura üstünlikleriň bardygyna garamazdan biziň ýurdumyzda hem esasan hem ak şäherimiz Aşgabatda ajaýyp arhitektura ýadygärlikleri bolan binalar salynýar.Şäherleriň özboluşlylygy, olaryň bir- birine meňzemeýän arhitektura aýratynlyklary elbetde olaryň taslamasyny ýyllar boýy kalbynda göteren arhitektor hudojnikleriň döredijiligi bilen berk baglydyr. Halkyň milli ýagdaýy, başdan geçirýän wakalary hem- de şol halkda , şol toprakda bolup geçen hadysalar hem hökmany suratda arhitektoryň işine siňýär.

Aslynda arşhitekturanyň iň ajaýyp syry, hudojnigiň onuň taslamasyny birnäçe wagt gözlemeginden gelip çykýar. Ajaýyp arhitektura ýadygärlikleriniň hem müňýyllap durmagy,olaryň aýratynlyklary we olaryň adamzat taryhynda tutýan orny bilen gönüden – göni institutynyň altyn medalyna, arhitektura baýragyna mynasyp bolan arhitektorlaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Dünýä belli arhitektoryň eden işleri müňýyllyklarda durjak hakyky adamzat döredijiliginiň beýik nusgasydyr.Gyzmmatyny saklaýan arhitektura işleri bilen tanyş bolanyňda biziň ýokary derejede salynýan jaýlarymyz hem-de binagärlik gurluşygy aýratyn bolan jaýlarymyz , ak şäherimiz dünýäni haýrana goýýar.Dünýäniň çar künjünde häzirki döwürde jahankeşdeleri haýrana goýýan binalaryň taslamasynyň binagärlik aýratynlyklary suratkeşiň döredijiliginden gelip çykýar.Mysal hökmünde dünýä belli Hormen Fosteriň taslama gözlegleriniň dünýä möçberinde gymmaty häzirki günlerimize çenli artýar. Onuň okumyşlygy, bilimli, sowatlylygy babatynda dünýä arhitekturasyndaky aýratynlygy babatynda eden işleri haýran galdyryjydyr.

Dünýä kitaphanalarynyň altyn fondundan bir kitap okaman goýmadyk arhitektor adyny alan bu arhitektoryň üstünliginiň sowatlylygyndadyr. Arhitektoryň taslamasyny amala aşyran köçelerini bezeýär.Binagärlik aýratynlygy boýunça dünýä belli ýokary hilli taslamalaryň awtory juda sowatly bolupdyr. Onuň eden işleri häzirki wagtda dünýäniň çar künjünde ýasaýyş stili boýunça hem tanalýan üýtgeşik awtordyr. Binagärlik- gurluşyk taýdan hiç kimiň işine meňzemeýän awtoryň işleri häzirki zaman modern arhitekturasynyň üstünlikli taraplaryny öz işlerinde çözgüt edinýär. Şeýlelikde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleriň mümkinçilikleri giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň ak paýtagtymyzy ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňeltmegi hem häzirki zaman innowasiýalarynyň ösüşine laýyklykda ak paýtagtymyzda gurulýan jaýlary “akylly” enjamlar bilen üpjün etmek, ýagny innowasiýon ösüşlere laýyklykda üstünlikli gurmak we içini enjamlaşdyrmak işlerine hem uly üns berýär.Munuň özi halkymyzy döwrebap ýaşaýyşa uýgunlaşdyrmakda edilen işleriň iň oňyn çözgütleriniň biridir.

Halkymyz abadan ýaşaýşyň hözürini görüp ýaşaýarlar. Ýurdumyzda gurluşyk harytlaryny öndürmek işleri hem önümçilikde alnyp abrylýar. Munuň özi bolsa, halkymyz üçin gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterli bolmagyan kömek edýär. Gurluşyk harytlaryny iň amatly bahadan satyn almaga hem mümkinçilik berýär. Elbetde arhitekturanyň bu günki ösen derejeleri bilen tanyş bolmak, dünýä arhitekturasyna öz goşandyňy goşmak biziň hem ýurdumyzda ak şäherimiz Aşgabadyň ýokary hilli baha berilmegi bilen mynasyp arhitektura derejesiniň belentliklere çykandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa, ykdysadyýetiň güýçli depgin bilen ösýän döwründe arhitekturadaky dünýä ösüşlerinde türkmen arhitektura sungatynyň hem barlygy üçin dir. Gurluşyk harytlaryň önümçiligi boýunça ady belli daşary ýurt kärhanalary bilen hem hyzmatdaşlygy saklaýar. Häzir ýurdumyzyň islendik oba-şäherine barsaňam, şol ýeriniň ýaşaýjysy bolmadyk gurluşyk hünärmenleri topar bolup işleşip ýörler.Welaýat, etrap merkezlerimizde, hatda uzakdaky oba- şäherçelerde hem ýaşaýyş jaý gurluşygy uly depginler bilen ösýär.

Ýerli gurluşyk firmalarymyz hem hökümetiň tabşyrygy esasynda döwlet edara-kärhanalarynyň binalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny hem gurýarlar. Ýurdumyzyň, Türkmenistanyň has gözel gujagynyň boljakdygyndna habar berýär.

Aýgül ESENOWA
Türkmen Döwlet binagärlik- gurluşyň
institutynyň mugallym öwrenijisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:40 pm, Oct 22, 2024
temperature icon 11°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:21 am
Sunset Sunset: 6:19 pm
Öňki taryh

Üstünligiň açary

Next Story

MIWE ŞERBETLERI

Soňkylar Makalalar

Maýa goýumlar

22.10.2024
Maýa goýumlar baradaky düýpli düşünjeler “Türkmenistanda maýa goýmak işi hakynda” Türkmenistanyñ kanunynda dolulygyna beýan edilýär. Şeýlelikde,  girdeji almak ýa-da durmuş taýdan peýda gazanmak maksady

Ata Watanymyz kuwwatly energetika döwleti

22.10.2024
Beýik özgertmeler ýoly bilen barha kuwwatlanýan mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler, gurulýan köpsanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde

Denominasiýa we onuňdurmuş-ykdysady netijeleri

22.10.2024
1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan milli pul bolan manadyň girizilmegi we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli walýutanyň – denominasiýasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet nyşany hökmünde-de, ýurduň

MIWE ŞERBETLERI

22.10.2024
Miweli-iýmişli şerbetler ýylylyk sterilizasiýasyny sezewar edilip, şeker siropyndaky bir ýa-da birnäçe miweleriň we iýmişleriň görnüşlerinden durýan konserwalar. Şeker siropynyň goşulmaly önümiň tagamyny gowulandyrýar we

Üstünligiň açary

22.10.2024
Ýurdumyzda edilýän işleriň has döwrebaplaşdyrylmagy kart ulgamy arkaly amala aşyrylmagy häzriki zaman täze ösüşlere badalga bolan täzelikleriň üstüni açýar.Häzirki zaman döwrebap tehnologiýalar esasynda ýola
GitTop