Maýa goýumlar baradaky düýpli düşünjeler “Türkmenistanda maýa goýmak işi hakynda” Türkmenistanyñ kanunynda dolulygyna beýan edilýär. Şeýlelikde, girdeji almak ýa-da durmuş taýdan peýda gazanmak maksady bilen başy tutulýan telekeçilik we beýleki işlere gönükdirilýän emläk we paýhas gymmatlyklarynyñ ähli görnüşi maýa goýumlara degişlidir. Soñra “gymmatlyklar” düşünjesi has giňişleýin beýan edilýär, ýagny olara şu aşakdakylar degişlidir:
- pul serişdeleri, maksatlaýyn bank goýumlary, paýlar, aksiýalar we beýleki gymmat kagyzlar;
- gozgalýan we gozgalmaýan emläkler (binalar, desgalar, enjamlar we beýleki maddy gymmatlyklar);
- awtorlyk hukugyndan, “nou-hau”-dan, tejribeden gelip çykýan emläk bilen bagly hukuklar we beýleki paýhas gymmatlyklary;
- ýeri we beýleki tebigy gorlary peýdalanmaga bolan hukuklar, şeýle-de beýleki emläk hukuklary;
- beýleki gymmatlyklar.”
Maýa goýumlary- diýip, kärhanalaryň başga hojalyk subýektleriniň esaslyk maýasyna şeýle döwlet bahaly kagyzlaryna, paýdarlar jemgyýetine bahaly kagyzlaryna goýum goýulmagyna aýdylýar.
Maýa goýumlary dürli alamatlar boýunça toparlara bölünýärler. Maýa goýumlaryň eýeçiligiň görnüşi boýunça, möhleti boýunça,esaslyk maýasy bilen arabaglanşyk boýunça toparlara bölünýärler.
Esaslyk maýasyna arabaglanyşyk boýunça maýa goýumlary esaslyk maýasyny döretmek üçin karz alynan görnüşlere bölünýärler. Esaslyk maýasyny döretmek üçin goýumlara paýnamalar we başga kärhanalaryň esaslyk maýasyna gatnaşmak üçin goýulan goýumlar degişlidir.
Eýeçiligiň görnüşleri boýunça maýa goýumlar: hususy, döwlet, garyşyk, daşary ýurt, bilelikdäki toparlara bölünýär. Möhleti boýunça maýa goýumlar gysga möhletli (möhleti 1ýyla çenli) we uzak möhletli (möhleti 1 ýyldan köp) görnüşlere bölünýärler.
Tawus AŞYRDURDYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby