Bagtyýarlyk miwesi

22.10.2024

Günsaýyn gülläp ösýän ajaýyp zamanamyzda  Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň halkara ülňülerine laýyk  döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda okatmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen sazlaşykly ösdürilmegi täze üstünliklere ýol açýar.Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty bu gün ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen edilýän işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyza gelýän myhmanlar, geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler bolsa, biziň ýurdumyzyň dostana gatnaşyklaryny açyp görkezmekde ajaýyp bir pursat bolýar. Gahryman Arakdagymyzyň görkezen ak ýly bilen öňe barýan türkmen halky bu günki günler ak paýtagtymyzyň goýnunda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmak bilen il- halk üçin edilýän aladalaryň derejesini görmäge mümkinçilik tapýarlar. Täze şäherler gurlup, raýatlara ulanylmaga berilmegi hem munuň netijesidir. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda bolýan ösüşleriň häzirki zaman tehnologiýalara laýyklykda ösüşler bilen beslenmesi halkymyzy bagtyýar ýaşaýyşyň sakasynda ýaşaýan raýatlar hökmünde öňe bilen birlikde 50 ýakyn hususy gurluşyk firmalary döwlet ähmiýetli uly binalary, ýaşaýyş jaýlary hem gurmaklary bolsa, halkymyzyň bagtyaýr ýaşaýyşyny düzýän üstünlikleriniň nusagsydyr. Häzirki döwürde türkmen halky däp-dessurydyr, folklorlary hem-de özüniň milli gymmatlyklary bolan haly- palaslarydyr, ýokary hilli dokamakda hiç kes öňüne geçip bolmajak gymmatlyklary aýap saklamakda hem ata – baba gelýän däp- dessura wepalydyr. Döwrebap seýilgähler ak mermerli Aşgabadyň bezegi bolmak bilen bir hatarda şäher ilatynyň arassa howada dynç almagy we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün edýär. Elbetde seýilgähleriň hem- de dünýä parklarynyň hem ekologiýa meselesine goşandy bardyr.

Halkymyz ekologiýasy arassa bolan tebigaty bilen dünýäni aňk edýän toprakda ýaşap, zähmet çekip, ýokary netijeleri Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanmagy başardy.Paýtagtymyzyň döwrebap seýilgähleri diňe bir gözellik döredýän künjek bolman, eýsem açyk Asmanyň astynda çagalaryň şadyýan oýnamaklary we dynç günleri, şanly seneler mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary guramak üçin amatly ýer bolup durýar. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde ýer togalagynyň müňlerçe kilomertliginden uzap gaýdýar.

Ýurdumyzda raýatlaryň bilim, ylym derejesini ýokary götermek bilen olaryň medeni gatnaşyklarda görelde bolmagyny gazanmak üçin , dürli ajaýyp seýilgähler ulanylmaga berilýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny almagy bilen bagy- bossana öwrülen diýarymyzda ulgamda bolşy wajyp zatlaryň biridir. Suw hojalygy ýurdumyzda iň bir aýawly serişdeleriň biri hökmünde goralýar. Çünki suw howdanlary bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysady hem- de senagat ugurlary boýunça sarp ediş nokatlarynda bolsa, ýurdumyzda gün saýyn artýar. Ähli ugurlarda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berilýär. Köpugurly türkmen hem- de beýleki döwletleriň gatnaşygy bu günki gün has wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Ynsanperwerlik gatnaşyklary bu gün deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda depginli ösdürilýär. Ähli taraplaýyn üpjünçilige baý bolan halkyň bagtyýar zamanada ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen.

Ýurdumyzda gurulýan binalaryň sanynyň artmagy halkymyzyň durmuş – ykdysady keşbiniň özgermegi bilen bilelikde, häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk meýdançalarynyň köpelmegi esasynda has uly ösüşleri saglaýan meýdança hökmünde öňde barýar. Gelejegiň ajaýyp binalary, bu günki günüň paýtagtymyzda hem- de beýleki welaýatlarymyzda gurluşyk maksatly işleriň geçirilmegi bolsa, halkyň hal- ýagdaýynyň mundan beýläk- de has gowulanmagy üçin amala aşyrylýar. Ýurdumyzda gurluşyga has uly üns berilýär. Raýatlaryň rahat durmuşlaryny ýola goýmak üçin bu günki günler döwrebap jaýalryň ulanylmaga berilmegi parahat ýaşaýşy üpjün etmegiň ilkinji zerurlygydy elbetde belli.

Häzirki döwürde islendik binanyň durmuş ähmiýetli bolmagy bolsa, bu ugurda edilen işleriň netijeli ýokary göterilmeginiň nyşanydyr. Halkymyzyň durmuş üpjünçiligini gowulamak, howa şertlerine, beýleki şertlere mahsus üpjünçiligiň düýbüni tutup, halk bähbitli işleriň hemişe ýokary göterilmegini saglamak döwletiň esasy alyp barýan işleriniň gurulýan gurluşyklaryň biridir. Ýurdumyzda döwlet derejesinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly üns berilýändigini duýsa bolýar. 

Ýurdumyzyň islendik oba-şäherine barsaňam,  şol ýeriniň ýaşaýjysy bolmadyk gurluşyk hünärmenleri topar bolup işleşip ýörler. Oba- şäherlerde iş ýerleriň köpeldilmegi halkyň sosiýal ýagdaýynyň öňkülerinden tapawutly derejede gowlanmagyna getirdi. Halkyň sosiýal hal-ýagdaýynyň gowlanmagy ilatymyzyň ýaşaýyş jaý islegini hem has ösdürdi. Şonuň üçin paýtagtymyzyň tutýan meýdanyny has giňeldip, paýtagtymyzyň öňküdenem owadan edip gurnamak we ol ýerde ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny saglamak esasy işlerini üstünlikli alyp barmak işi gaýragoýulmasyz işleriň biridir. Ýurdumyzda edilýän işleriň iň ýokary derejede gurnalmagy bolsa, halkymyzyň sungat ussatlar işler alnyp barylýar. Şeýle- de halkara gatnaşyklarynda ediljek işler gelejegi nazarlaýar. Ýurdumyzda çar bagly diýarymyzda raýatlaryň bagtyýarlygyny saglaýan işler bolsa, baglaryň ekilmegi, gök meýdanyň arassa howany saglap, nesillere goýjak ýadygärligi arassa howa bilen üpjün edilmegi bu günki gün dünýäniň ýüzünde iň öňde durýan işlerdir. Beýik medeniýetleriň arabaglanşygyny özünde jemleýän ýüpek ýoly, şu günki gün dünýäniň dostana ýurtlarynyň aamlary üçin derwaýys meseleleri özünde saklaýan mazmundyr. Dünýäniň çar künjüne uzaýan ýüpek ýolunyň aýratynlygy her haçan dostlugyň medeni aýratynlyklaryny özünde ep-esli meýdany tutýar. Ir ertirden giç agşama çenli epgek howaly tomus günleri daşly -çägeli dag eteklerine we ýarym çöllük gaýalara gezelenç etmek aňsat däl bolsa-da, gurak ösümlikler dünýäsi gözüňi dokundyrýar. Ýurdumyzda şeýle taryhy ýerleriň bolmagy, ol ýerde çar bagly giňişlikleriň mekanynyň bolmagy hemişe bizi gyzyklandyrýar. Türkmen topragynyň hem gudratly hem- d ekeramatly , asla täsinligi bilen seni haýarana goýýan ýerleri köp. Olaryň içinde iň baý minerally ýerleri hem- de olaryň dünýä syýahatçyalryny özüne çekýän ýerleri hakda aýtmak bolsa, seni öz topragyň iň gözel ýerli göz öňüne geleninde bagtyýarlygyň açary hökmünde buýsandyrýar. Bu gün türkmen öz Garaşszylygyna, milliligine, topragyna , halkyna guwanyp ýaşaýar.Bu bolsa biziň parahat ýurdumyzda halkyň bagtýarlyk hakda aýdýan aýdymynyň ganatyna öwrüldi. Goý parahat diýarymyzda parahatçylyk aýdymy bagtyýarlygyň äheňi bolup ýaňlansyn!

Guwanç ÖWEZGELDIÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:15 am, Nov 23, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 71 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Özüňe erk etmek hakynda

Next Story

Ruhy gymmatlyklara sarpa

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop