Dark
Light
26.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary

22.10.2024

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäginde Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Haluk Ipek hem-de  toparyň agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.

Duşuşykda türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de dürli ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany bilen, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen gutladylar. Türk tarapy döwlet sylagynyň gowşurylmagynyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň netijesi bolup durýandygyny bellediler we hoşallygyny beýan etdiler. 

Şeýle hem duşuşykda parlament diplomatiýasynyň ornuny berkitmegiň, parlamentara dostluk toparlarynyň işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gwtn9vynm04adtgtjwqjyktrcuqd3oo2tya5lozn THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Pekin şäherine iş sapary

cawik3qmzjkrkgsghqb0pk3amxfaxeyucgxn6ezj THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekin şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop