oig4.dpdnmalrv5otid5ilcf0 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen alabaýy- milli mirasymyz

28.10.2024

Türkmen halky öz milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýar. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, wepaly, edermen, namysjaň türkmen alabaý itleri hem dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Olar türkmeniň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklarynyñ hakynda nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Çünki, ata-babalarymyzdan galan milli gymmatlyklarymyz biziň geljekki ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Her ýylyñ oktýabr aýynyñ soñky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň uly buýsanç we ruhubelentlik bilen bellenilmegi, biziň halkmyzyň öz wepaly dostuna goýýan mynasyp sylag-sarpasynyň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi wepaly jandaryň gadyr-gymmatynyň ýokarydygyny görkezýär. Türkmen alabaý itleriniň arassa ganyny gorap saklamakda we arassa tohum itleri ösdürip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle-de gaýduwsyzlygy, mertligi, edermenligi bilen tapawutlanýan alabaýlary seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagyny ösdürmekde tutumly işleri alyp barýan raýatlarymyza «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlarynyň dakylmagy, şol işleri alyp barýanlaryň hormat-sarpasynyň belentdiginiň aýdyñ beýanyndyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan kitaplary türkmen halkymyzyň, biz ýaşlaryñ hemişelik ýan kitabyna öwrülýär. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem diňe bir türkmen halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýan eserleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eseri türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda olaryň durmuşdaky orny baradaky wakalary, ajaýyp söhbetleri, hekaýalary özünde jemleýär. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýeňişleriň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizi berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak bolsun, gadamlary batly, ýollary şöhratly bolsun!

Eziz SAPAROW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1280 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 28 10 2024

2024 09 16 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Taryhyň şöhratly sahypalary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop